«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalar toparynyň işgärleri dünýäniň sekizinji beýik nokady bolan Gimalaý daglarynyň «Manaslu» depesine (8163 m) çykdylar. Onuň çür depesinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlady. «Manaslu» sözi sanskrit dilinden terjime edilende, «Ruhlar dagy» diýmekdir.
Bu dag depesine çykyşlygy «Morinžgeologiýa» HKT-niň dolandyryş toparynyň başlygynyň orunbasary Arno Ter-Sankowyň ýolbaşçylygynda Nepal tarapy ýola goýdy. Topara Latwiýanyň, Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary gatnaşdy. Daga çykmaga gatnaşanlaryň hemmesi-de ozal Ewerest (8848 m), K2 (8611 m), Akonkagua (6962 m), Ama-Dablam (6814 m), Kilimanjaro (5895 m), Ararat (5165 m), Monblan (4810 m) we Matterhorn (4478 m) ) ýaly belli dag depelerine çykan tejribeli alpinistlerdir. Bu depeleriň ählisinde-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylypdy.
«Morinžgeologiýa» kompaniýasy 1993-nji ýyldan bäri Ýewropanyň iň iri deňizlerinde giňişleýin inženerlik we geologik gözlegleri alyp barýar. Ýygnalan maglumatlar buraw, suw astyndan turba geçirmek we beýleki deňiz desgalarynyň gurluşygyny goşmak bilen, deňizdäki nebit-gaz taslamalarynyň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün edýär. Işleriň ählisi ýurdumyzyň we halkara ülňüleriň ýokary talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.
«Dragon Oil» ýaly halkara kompaniýalar bilen bilelikde alnyp barylýan taslamalaryň çäginde «Morinžgeologiýa» «Jeýtun» we «Jygalybeg» ýataklarynda geologik gözlegleri geçirýär. Bu maglumatlar Türkmenistanyň deňizdäki nebit-gaz baýlyklarynyň üstünlikli özleşdirilmegine goşant goşýar. Maglumatlar meýdan gözlegleriniň dowamynda elektron görnüşinde ýazylýar, ýöne koordinatlary ýokary takyklykda kesgitlemek üçin differensial GPS hemra ulgamy ulanylýar. Ýygnalan maglumatlar ygtyýarnama alan geologik maglumat we awtomatik taslama programma üpjünçiligi önümleri bilen işlenip teswirlenýär.
Russiýanyň Nebit-gaz gurluşykçylary bileleşiginiň agzasy bolmak «Morinžgeologiýa» HKT-ä bu pudagyň öňdebaryjy şereketleri bilen işjeň hyzmatdaşlyga we inženerlik hem geologik agtaryşlar pudagyndaky soňky üstünliklere belet bolmaga mümkinçilik berýär.
Bu barada www.turkmenistan.gov.tm internet saýtynda habar berilýär.
Esasy Dünýä täzelikleri Türkmenistanyň alpinistleri «Manaslu» depesinde Döwlet baýdagyny dikdiler