Ge­çen asy­ryň baş­la­ryn­da Ang­li­ýa­nyň Kamb­ri­ýa graf­ly­gyn­da­ky mek­dep ki­tap­ha­na­syn­dan al­nan ki­tap 113 ýyl­dan soň yzy­na gaý­ta­ry­lyp be­ril­di. Bu ba­ra­da “Gu­ar­di­an” ga­ze­ti ha­bar ber­ýär.
“Bi­rin­ji ja­han ur­şun­dan öň mek­dep ki­tap­ha­na­syn­dan oka­ma­ga al­nan ki­tap ahyr so­ňy gaý­ta­ry­lyp be­ril­di” diý­lip ne­şir mä­lim ed­ýär.
Bu ýer­de gür­rüň, 1911-nji ýyl­da Leo­nard Ýu­bank at­ly okuw­çy ta­ra­pyn­dan mek­dep ki­tap­ha­na­syn­dan al­nan Jorj Baý­ro­nyň ýy­gyn­dy­sy ba­ra­da bar­ýar. Şol ýyl ýet­gin­jek mek­de­bi gu­tar­ýar, soň Oks­ford uni­wer­si­te­ti­ne gir­ýär. Bi­rin­ji ja­han ur­şy baş­lan­da, gör­şü­niň pes­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, go­şu­na gul­lu­gy­na ça­gy­ryl­ýar we 1916-njy ýy­lyň few­ral aýyn­da front­da ara­dan çyk­ýar.
Ýu­ban­kyň gaý­ta­ryp ber­me­gi unu­dan ki­ta­by Uels­de ta­pyl­dy we soň­lu­gy bi­len şol mek­dep ki­tap­ha­na­sy­na gaý­ta­ry­lyp be­ril­di. Ol ta­ryh­da iň “kö­ne” ki­tap­ha­na ki­tap­la­ryn­dan bi­ri bol­ma­gy müm­kin” di­ýip, “Gu­ar­di­an” ne­şi­ri ýaz­ýar.