Wýetnamyň parlamenti Lyong Kyongy ýurduň Prezidenti wezipesine saýlady. Bu barada Wýetnamyň habarlar gullugy mälim etdi.
“2024-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda, Milli ýygnagyň 8-nji mejlisiniň 15-nji çagyryşynda dolandyryjy Kommunistik partiýanyň Merkezi komitetiniň sekretariatynyň hemişelik agzasy general Lyong Kyongy Wýetnam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlady” diýip, Wýetnam habar gullugy habar berýär.
Mejlisiň gözegçilik komissiýasynyň maglumatlaryna görä, 67 ýaşly Kyongy döwlet Baştutany wezipesine saýlamak kararyny 440 deputatdan 440-sy goldady. Bu bolsa, Milli ýygnagyň deputatlarynyň umumy sanynyň 91,67 göterimini düzýär.
Şu ýylyň maý aýyndan bäri bu wezipäni eýeläp gelýän häzirki döwlet Baştutany To Lam Wýetnamyň dolandyryjy Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň baş sekretary wezipesine 2011-nji ýyldan bäri WKP-e ýolbaşçylyk eden Baş sekretar Nguen Fu Çong aradan çykandan soň bellendi.
Wýetnamda ýokary derejeli ähli ýolbaşçylaryň saýlawlary, şol sanda Prezidentiň, Premýer-ministriň, parlamentiň başlygynyň we Ministrler Kabineti agzalarynyň saýlawlary, Wýetnamyň konstitusiýasyna laýyklykda ýurtda iň ýokary edara bolan Kommunistik partiýanyň Milli ýygnagynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň tekliplerine laýyklykda geçirilýär.
Şol gün Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidenti, 67 ýaşly goşun generaly Lyong Kyong watana, dolandyryjy Kommunistik partiýa we Wýetnam halkyna wepaly boljakdygy barada kasam etdi. Döwlet Baştutanynyň kasam kabul edişlik dabarasy Milli ýygnagyň (bir palataly) wekilleriniň ýurduň Prezidentini saýlamak üçin geçirilen ses berişligiň netijeleri yglan edilenden soň geçirildi.
Wýetnam Sosialistik Respublikasy – Hindihytaý ýarym adasyndaky Günorta-Gündogar Aziýada bir döwletdir. Günbatarda Laos we Kamboja, demirgazykda Hytaý bilen serhetleşýär, gündogarda we günortada Günorta Hytaý deňzi bilen ýuwulýar. Maglumatlara görä, Wýetnamyň ilaty, takmynan, 100 milliondan gowrak.