Merkezi saýlaw topary sesleriň 100 göterimi sanalandan soň, ikinji möhlete dalaş edýän Moldowanyň häzirki Prezidenti Maýýa Sandunyň saýlawlaryň birinji tapgyrynda 42,45 göterim ses bilen öňde barýandygyny mälim etdi. Moldowada Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 20-nji oktýabrda geçirildi.
Merkezi saýlaw topary Sandunyň 42,45 göterim, Sosialistik partiýanyň dalaşgäri Aleksandr Stoýanoglonyň bolsa, 25,98 göterim ses alandygyny habar berdi. Bu dalaşgärleriň ikisi-de 3-nji noýabrda meýilleşdirilýän ikinji tapgyra çykýarlar. Çünki dalaşgärleriň hiç biri-de birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan mukdardaky sesi alyp bilmediler. Sandu Ýewropa Bileleşigi bilen ýygjam aragatnaşyklary ýola goýmaga ýykgyn edýär; Stoýanoglo bolsa, şeýle gatnaşyklaryň Moldowanyň Russiýa we umuman, GDA ýurtlary bilen däp bolup gelýän hyzmatdaşlyga päsgel bermeli däldigini öňe sürýär.
Birinji tapgyryň netijelerine görä, üçünji orny “Biziň partiýamyz” syýasy güýçüniň lideri Renato Usatyý (13,79 göterim), dördünji orny Gagauziýanyň öňki prokurory Irina Wlah (5,38 göterim) bäşinji orny öňki prokuror Wiktoriýa Furtune (4,45 göterim), altynjy we ýedinji orunlary öňki Premýer-ministr Wasiliý Tarlew we Ion Kiku (degişlilikde, 3,19 göterim we 2,06 göterim) eýeleýär.
Moldowa Respublikasy Günorta-Gündogar Ýewropada ýerleşýän döwlet bolup, Ukraina we Rumyniýa bilen serhetleşýär. Ýurtda 2 million 500 müň töweregi ilat ýaşaýar.