Gon­kong­da il­kin­ji ge­zek di­no­zaw­ryň ga­lyn­dy­la­ry­nyň üs­tün­den ba­ryl­dy. Ga­dy­my jan­da­ryň süňk­le­ri Glo­bal geo­par­kyň çä­gin­dä­ki Port ada­syn­dan ta­pyl­dy. Bu ýer­de jan­dar­la­ryň 66-145 mil­li­on ýyl ozal hek döw­rün­de ýa­şap ge­çen­di­gi mä­lim edil­di. Di­no­zaw­ryň gör­nü­şi­niň anyk­lan­ma­gy üçin has­köp bar­lag ge­çi­ril­me­li­di­gi bel­le­nil­di. Ze­rur ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi üçin ada adam­la­ryň ba­ryp gör­me­gi çäk­len­di­ril­di. Gon­kon­gyň ösüş mi­nist­ri Ber­na­det­te Linn Hon-ho bu açy­şyň äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­läp, Gon­kong­da­ky pa­leoe­ko­lo­gi­ýa bar­lag­la­ry üçin tä­ze de­lil­ler ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Ta­py­lan di­no­zawr ga­lyn­dy­la­ry 25-nji okt­ýabr­dan baş­lap, Çim­saç­ýoý se­bi­tin­dä­ki ta­ryh mu­ze­ýin­de köp­çü­li­ge gör­ke­zi­lip baş­la­nar.