Karl III Samoa baran ilkinji iňlis patyşasy boldy
Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III Iňlis Milletler Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşmak üçin Ýuwaş ummanyndaky Samoa bardy. Şeýlelikde ol bu ýurda baran ilkinji iňlis patyşasy boldy. “Samoa Observer” gazetiniň habaryna görä, Patyşa Karl III we onuň aýaly Kamilla Samoanyň hökümet başlygy Fýame Naomi Mataafa we beýleki döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Iňlis patyşasy saparynyň çäklerinde 25-nji we 26-njy oktýabrda Arkalaşyga agza ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen geçiriljek sammite başlyklyk eder.
Karl III 18-nji oktýabrda Awstraliýa barypdy. Ol bu ýurtda 5 günlük saparda bolupdy.