UEFA Çempionlar Ligasynda sişenbe gününde oýnalan duşuşyklarda “Real Madrid” bilen “Borussiýa Dortmundyň” arasyndaky oýun has çekeleşikli ýagdaýda geçdi. 1-nji ýarymda 4 minutda 2 gol geçiren nemes topary 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne 2-nji ýarymda “Real Madridiň” şemaly has belentden öwsüp, ispan topary 5 gol geçirmegi başardy. 60-njy minutda Rüdigeriň goly bilen aratapawudy azaldan “Realda” 62-nji minutda Winisius hasaby deňledi. 83-nji minutda Lukas Waskesiň owadan goly bilen madridliler öňe geçdi. 86-njy we 90+3-nji minutlarda-da tapawutlanan Winisius Junior duşuşygy het-trik bilen tamamlap, duşenbe güni gowşuryljak “Altyn top” baýragyny almaga doly taýýardygyny görkezdi. 5-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Real Madrid” üçin ýene taryhy kembekleriniň biri hasaba alyndy.