Bu kubogy 7 gezek eýelän “Milan” ilkinji 2 duşuşygynda ýeňlişe sezewar bolupdy. Öz meýdançasynda “Klub Brýuggeni” kabul eden italýan topary 3-1 hasabynda üstün çykyp, ilkinji ýeňşini gazandy. Duşuşykda “Milanyň” gollaryny gönümel burçdan ýerine ýetirilen urgy bilen Kristian Pulişiç (34) hem-de Teýani Reýnders (61, 71) geçirdi. Duşuşygyň 40-nji minutyndan soň 1 oýunçy kem oýnan belgiýalylaryň goluny 51-nji minutda Sabbe öz adyna ýazdyrdy.

Bu ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan 2 toparyň duşuşygynda “Žirona” öz meýdançasynda “Slowan Bratislawany” 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we UEFA-nyň ýaryşlaryndaky ilkinji ýeňşini gazandy. Şol hasap “Şturm Gras” bilen “Sportingiň” arasyndaky oýunda-da hasaba alnyp, portugal kluby Santos hem-de Dýokeresiň gollary esasynda ýeňşini baýram etdi.

1-nji tapgyrda “Barselonany” ýeňen “Monako” toparynyň ähli ýaryşlardaky ýeňlişsiz ýörişi dowam edýär. Öz meýdançasynda “Srwena Zwezdany” kabul eden “Monako” garşydaşyny 5-1 hasabynda ýeňdi. Fransuz toparynyň gollarynyň 2-sini Minamino derwezä girizdi.

PSŽ bilen PSW-niň arasyndaky oýunda-da ýeňiş gazanan bolman, Noa Langyň 34-nji minutdaky goluna ýer eýeleri 55-nji minutda Aşraf Hakiminiň goly bilen jogap berdi.