Iňlis edebiýatynyň görnükli wekillerinden Emili Bronteniň meşhur eseri “Güwwüldili depeler” (Wuthering Heights) ýene bir ýola ekranlaşdyrylar. Bu gezekki filmi “Promising Young Woman”, “Saltburn” kinolary bilen adygan 39 ýaşyndaky oskarly zenan režissýor Emerald Fennell surata düşürer. Filmde baş keşpleri Margo Robbi bilen Jeýkob Elordi janlandyrar. Olaryň ikisi “Barbi” filminde-de bilelikde surata düşüpdiler. Ýazyjynyň bu eseri esasynda ozal 7-8 film ekranlaşdyrylyp, olaryň arasynda 1939-njy ýylda surata düşürilen kino Oskara hem dalaşgär görkezilipdi. 1992-nji ýyldaky nusgasy has meşhurlyk gazanyp, filmde Juliett Binoş bilen Raýf Faýnz esasy keşpleri ýerine ýetiripdi.

Täze filmiň surata düşüriliş işlerine 2025-nji ýylyň ýazynda Angliýada ýola goýlar. Film MRC hem-de “LuckyChap” studiýalary tarapyndan ekranlaşdyrylar.