Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek federal saýlawlarda ýene ýeňiş gazanmak isleýändigini mälim etdi.
“Indiki saýlawlarda iň soňky ýeňişim ýaly ýeňiş gazanmak isleýärin – diýip, Şols ZDF telewideniýesine beren interwýusynda aýtdy. “Şeýlelik bilen, men we partiýam şeýle mandaty aljakdygyna ynanýaryn” diýip, Şols belledi. Kansler heniz ýüzbe-ýüz bolmaly köp meseleleriň bardygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Bundestagyň indiki saýlawlary 2025-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda geçiriler. Onuň netijelerine görä, täze hökümet gurlup, täze Kansler saýlanar. Şols ozal hem Germaniýanyň sosial-demokratik partiýasy tarapyndan özüniň häzirki eýeleýän wezipesine dalaş etjekdigini mälim edipdi. Hristian demokratik we Hristian sosial bileleşiginiň dalaşgäri bolsa, Fridrih Mers bolar.
“Germaniýa üçin alternatiwa” (AfD) partiýasynyň dalaşgäri häzirki partiýanyň egindeş başlygy Elis Weidel bolar diýlip garaşylýar. Şeýle-de bolsa, onuň Kansler bolmak üçin hakyky mümkinçiligi ýok diýen ýaly, sebäbi beýleki syýasy güýçler haýsydyr bir koalisiýanyň çäginde ne federal, ne-de sebit derejesinde “Germaniýa üçin alternatiwa” bilen hyzmatdaşlygyň mümkin däldigini öňe sürýärler.
Konserwatorlaryň reýtingi häzirki wagtda, takmynan, 31-32 göterim, Sosial-demokratlaryň goldaw derejesi bolsa, 14-16 göterime ýetýär.