Iň köp terjime edilen çaga kitaplarynyň biri bolan “Kiçi şazada” kitabynyň maşynkada ýazylan bir nusgasy 1,25 million dollara satuwa çykarylar. Bu eseriň 1940-njy ýyllarda onuň awtory Antuan de Sent-Ekzýuperi tarapyndan saklanan üç nusganyň biridigi aýdylýar. Nusga geljek aý Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynda geçiriljek Abu Dabi Sungat festiwalynda satuwa çykarylar. Fransuz ýazyjysy bu eseri geçen asyryň ortalarynda Nýu-Ýorkda ýaşaýan wagty ýazypdyr. Kitap 1943-nji ýylda çap neşir edilýär. Çagalar kitaby şondan bäri dünýäde millionlarça nusgada satyldy. Bilermenler kitabyň dünýä edebi mirasynyň bir bölegi hasaplanýar. Kitabyň maşynkada ýazylan nusgasynyň Ýewropadan başga ýerdäki muzeý ýa-da kitaphana tarapyndan satyn alnan ýagdaýynda onuň meşhurlygynyň has hem artjakdygy bellenilýär.
Esasy Dünýä täzelikleri Iň köp terjime edilen çagalar kitabynyň ilkinji nusgasy satuwa çykarylar