Iňlis ýazyjysy J.R.R. Tolkieniň “Ýüzükleriň hökümdary” (The Lord of the Rings) eserler toplumy kino sungatyna çeşme bolmagyny dowam edýär. 2000-nji ýyllaryň hem-de 2010-njy ýyllaryň başlarynda Piter Jekson tarapyndan surata düşürilen “Ýüzükleriň hökümdary” hem-de “Hobbit” filmler toplumynyň hataryna ýene biri goşular. “Warner Bros.” bilen “Discovery Inc.” kompaniýasynyň birleşmeginden soň bilelikdäki täze studiýa “The Hunt for Gollum” atly filmi surata düşürer. Filmiň beýleki bir öndürijisi-de “New Line Cinema” studiýasy bolar. Adyndan hem belli bolşy ýaly, täze filmde Gollumyň başdangeçirmeleri barada söhbet açylar. Filme “Ýüzükleriň hökümdary” filmlerinde Gollumy janlandyran Endi Serkis režissýorlyk edip, onuň özi ýene-de Gollumyň keşbini ýerine ýetirer. Piter Jekson täze filmde taslamanyň umumy jogapkäri wezipesini ýerine ýetirer. Täze zelandiýaly halypa režissýor näme üçin Gollumy saýlandyklary barada “Deadline” neşirine beren beýanatynda şeýle belläp geçýär:

– Gollum ýa-da Smegol gahrymany meni hemişe özüne çekýär. Gollum adamzadyň tebigatynda bar bolan ýaramaz häsiýetini, Smegol bolsa gowy tarapyny aňladýar. Hem okyjylar, hem-de tomaşaçylar üçin özboluşly eser gahrymany. Sebäbi hemmämiziň tebigatymyzda ikisinden hem bar. Biz täze filmde Gollumyň ýa-da Smegolyň öňki kinolarymyzda açyp görkezip bilmedik häsiýetlerini, başdan geçirmelerini seljermekçi bolýar. Onuň bu başdan geçirmesinde kimleriň boljakdygy häzirlikçe doly belli däl, ýöne biz ýene-de jenap Tolkienden ylham alarys. Täze filmde-de Gollumyň hekaýasyny Serkisden gowy janlandyrjak, ony täzeden keşbe saljak ökde artist ýok.

Täze taslama 2 bölümden ybarat bolup, onuň birinjisi 2026-njy ýylda ekranlara çykar. Bu kinoda Gollumdan başga-da, Gandalf, Aragorn, Legolas ýaly kino muşdaklaryna ozaldan tanyş bolan gahrymanlaryň hem dolanyp gelmegi mümkin. Hatda häzirki wagtda Gandalfyň keşbi üçin ozal bu keşbi ýerine ýetiren Iýn Makkellen bilen gepleşikleriň geçirilýändigi habarda bellenilýär. Täze taslamada ozalkylar ýaly Fran Wolş bilen Filippa Boýens ýene-de ekran eseriň edebi esasyny ýazarlar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 13-nji dekabryndan “Ýüzükleriň hökümdary” eseri esasynda “New Line Cinema” studiýasynyň önümi bolan “The Lord of the Rings: The War of the Rohirrim” atly animasiýa kinoteatrlarda görkezilip başlanar.