Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäheri owadan tebigaty, täsin adalary, reňkli binalary we täsin däpleri bilen görenleri haýrana goýýar. Baltika deňzindäki arhipelagda ýerleşýän bu owadan şäher 14 adany özünde jemleýär. Şol sebäpli bu şähere «Demirgazygyň Wenesiýasy» hem diýilýär. Stokgolm şäheri 1252-nji ýylda esaslandyrylýar. XIII asyryň soňlarynda şäherdäki syýasy işjeňlik ýokarlanyp, Şwesiýanyň esasy şäherine öwrülýär.
Şwesiýanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän paýtagt şäheriň özboluşly tebigaty bar. 188 inedördül kilometr meýdany tutýan demirgazyk şäherde tomus aýlary yssy we gijeleri ýagty bolýar. Gyş aýlarynda bolsa howa salkyn, ýagyşly we garly bolýar. Stokgolm şäheri güýz aýlary has hem owadan görnüşe eýe bolýar. Şäheriň medeni seýilgähleri, taryhy ýerleri we owadan künjekleri dynç almak üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär. Şäheriň Waksholm adasynda geçen asyrdan galan agaçdan gurlan öýleri, kafedir restoranlary görmek bolýar. XV asyrda düýbi tutulan «Royal Djurgarden» şäher seýilgähi hem-de «Skansen» üsti açyk muzeý hem şähere barýan syýahatçylarda ýatdan çykmajak duýgulary döredýär. Stokgolma barýan syýahatçylar şäheriň myhmansöýer halkynyň bardygyny belleýärler. Şäheriň 980 müňden gowrak ilaty bolup, özara şwed hem-de fin dillerinde gepleşýärler.
Stokgolm şäheri dünýä derejesindäki muzeýlerinden we taryhy taýdan özüne çekiji köşklerinden başlap, galereýalar we suratkeşlik öýlerine çenli sungatyň we medeniýetiň ajaýyp görnüşini hödürleýär. Milli muzeýde (Nationalmuseum) XVI asyra degişli heýkeltaraşlyk, surat we dürli önümleri öz içine alýan täsirli sungat ýygyndysy görkezilýär. Şäherde Şwesiýanyň iň kämil dizaýnerleri tarapyndan taýýarlanan keramika harytlaryndan başlap, dürli görnüşli dokma önümlerini satýan dükanlary görmek bolýar. Stokgolmyň merkezi köçesi «Strandvägen»-iň ugrunda ýerleşýän «Malmstenbutiken» we «Svenskt Tenn» dükanlary dizaýn muşdaklary üçin nusgawy dükanlar hasaplanýar. Dükanlar bilen bir hatarda Stokgolmyň «süýji» kafe medeniýeti hem bar. Süýji nygmatlar bilen kofe içmegi aňladýan bu däp şwedleriň dilinde «fika» diýlip atlandyrylýar. Bu däp ýerli kafelerde has meşhur bolup, Stokgolma barýan syýahatçylar hökmany suratda «süýji» kafelerde myhmançylykda bolýarlar.