Adam bedeni üçin zerur elementleriň biri bolan demir gemoglobin öndürmekden başlap, immuniteti kadaly derejede saklamaga öz täsirini ýetirýär. Demir ýetmezçiligi saglyk bilen bagly birnäçe alamatlary ýüze çykarýar. Agşam dynç alynýan wagty aýakda agyrylaryň peýda bolmagy, fiziki ukyplaryň peselmegi, beýniniň işiniň bozulmagy we ýürek-damar ýetmezçiligi munuň esasy alamatlary bolup, demir ýetmezçiliginiň wagtynda öňüni almaga tagalla etmeli.
Ilkibaşda bedenimizde demir ýetmezçiligini duýmak we onuň alamatlaryny ýüze çykarmak kyn. Sebäbi bedenimiz demir ýetmezçiliginiň öwezini dolup, ganazlyk alamatlarynyň ýüze çykmagyny gijikdirip biler. Şeýledigine garamazdan, demir ýetmezçiliginden habar berýän saçdaky we dyrnakdaky üýtgeşmelere, deriniň guramagy, dodagyň ýarylmagy, dilde ýaranyň hem-de kesikleriň peýda bolmagy, tagam alşyň peselmegi, başaýlanma, titreme, gowşaklyk we dowamly ýadawlyk ýaly käbir alamatlara üns bermeli.
Nädip öňüni almaly?
Demir ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin, ilki bilen, iýmitleniş endiklerine üns bermeli we iýmit sanawyna käbir üýtgeşmeleri girizmeli. Esasan hem, et, balyk, bagyr, ýumurtga, alma, guradylan ir-iýmişler, ysmanak, fasol, brokkoli, hoz, bal, gara şokolad ýaly demre baý iýmitleri köpräk iýmeli. Mundan başga-da, demre baý iýmitleriň siňmegini aňsatlaşdyrýan apelsin şiresi, limonad ýaly C witamine baý içimlikleri içmeli.
Nädip bejermeli?
Demre baý iýmitleri ýeterlik derejede iýmezlik, berhiz saklamak we her gün aşa köp çaý hem-de kofe içmek bedende demir ýetmezçiligine sebäp bolýar. Demir ýetmezçiligi göwreli we çagasyny ene süýdi bilen iýmitlendirýän zenanlarda, 65 ýaşdan uly adamlarda, 1-2 ýaşly bäbeklerde, diňe gök önümler bilen iýmitlenýän adamlarda has ýygy duş gelýär.
Demir ýetmezçiliginden şübhelenýän bolsaňyz, maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Degişli barlaglar geçirilip, sebäpleri anyklanandan soň, lukmanyň maslahat bermeginde degişli bejergini almaly. Eger-de demir ýetmezçiliginiň sebäbi iýmitleniş bilen bagly bolsa, düzüminde köp mukdarda demir saklanýan iýmitleri iýmek maslahat berilýär. Demir ýetmezçiliginden ejir çekýän adamlara nahardan soň çaý, kofe ýaly demriň siňdirilmegini azaldýan içgileri içmek maslahat berilmeýär.