Hem­mä­miz öz öňü­miz­de mak­sat go­ýup, üs­tün­lik ga­zan­mak is­le­ýä­ris. Köp­ler iş kar­ýe­ra­syn­da, kö­pi­miz dur­muş­da we kä­bi­ri­miz bol­sa şah­sy ösüş­de üs­tün­lik ga­zan­ma­ga sy­na­nyş­ýa­rys. Ýö­ne köp­lenç, üs­tün­li­ge elt­ýän ýol­dan bar­ýar­kak bir za­dy unud­ýa­rys. Oňa bagt di­ýil­ýär. Eý­sem, üs­tün­lik ga­zan­mak ada­my bagt­ly ed­ýär­mi?! Üs­tün­lik bi­len bag­ty nä­dip de­ňag­ram­ly sak­la­ma­ly?!
Üs­tün­lik bagt ge­tir­ýär­mi?
Kö­pi­miz üs­tün­lik ga­za­na­ny­myz­da bagt­ly bo­la­rys di­ýip pi­kir ed­ýä­ris. Göw­ne­jaý iş, ýe­ter­lik mad­dy se­riş­de, hor­mat-sy­lag, ab­raý… bu­la­ryň hem­me­si­ne ýe­te­ni­miz­de bag­ty ga­zan­jak­dy­gy­my­za ynan­ýa­rys. Em­ma bu­lar bagt ge­tir­ýän ýe­ke-täk fak­tor­lar däl. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­si­ne gö­rä, köp ada­myň üs­tün­lik ga­za­nyp mak­sa­dy­na ýe­ten­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, özü­ni bagt­ly duý­ma­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bi­ler­men­ler bag­ty iş­den, mad­dy şert­ler­den däl-de, özüň­den göz­le­me­li­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Bagt üs­tün­lik bi­len ga­za­nyl­ýan zat däl-de, öz içi­miz­den tap­ma­ly ka­na­gat­lan­ma duý­gu­sy­dyr.
Dur­muş­da, il­ki bi­len, her bir za­dyň oňaý­ly ta­ra­py­ny gör­me­li we özü­ňi bagt­ly duý­ma­ly. Bagt bi­len ýe­til­ýän üs­tün­lik­le­ri de­ňag­ram­ly ýag­daý­da sak­la­ma­gy ba­şar­ma­ly. Adam kal­byn­da ra­hat­lyk we ka­na­gat­lan­ma duý­sa, özü­ni bagt­ly duý­ýar. Şol se­bäp­li ýe­ti­len ki­çi­jik üs­tün­li­ge hem ka­na­gat­lan­ma bi­len se­ret­me­li. Eden işiň­den, ýe­ten mak­sa­dyň­dan we daş-tö­we­re­giň­den lez­zet al­ma­ly. Şeý­le ýag­daý­da adam özü­ni üs­tün­lik­li hem-de bagt­ly du­ýup bi­ler.