Ýaponiýada sagatdaky tizligi 500 kilometre ýetýän otlular işe giriziler. Otlynyň synag sürüşleri üstünlikli tamamlandy. Tokio bilen Nagoýa şäherleriniň arasynda gatnajak aşa ýokary tizlikli otly gatnawynyň 2034-nji ýylda ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar. Ýaponiýada ösen demir ýol ulgamy bolup, her gün ýurduň ilatyna barabar ýolagçy otlulardan peýdalanýar. Geçirilen synag sürüşinde otlynyň göz bilen görlüp bolmajak derejede çalt gidendigini görmek bolýar. Şeýle-de bolsa, iň ýokary tizlikli otly häzirki wagtda Hytaýda hereket edýär. Şanhaýyň aeroporty bilen şäher merkeziniň aralygynda gatnaýan otlynyň tizligi 520 kilometrden geçýär. Ýaponiýadaky otlularyň ýokary tizligi bolsa häzirki wagtda sagatda 320 kilometre barabar. 2030-njy ýyllardan başlap, ýurtda maşinistsiz ýokary tizlikli otly gatnawynyň hem ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar. Bu ýurduň ýokary tizlikli otlulary daşary ýurtlulary hem özüne çekýär. Munda dünýä belli kinolardaky käbir wakalaryň şeýle otlularda geçmeginiň täsiriniň bardygy bellenilýär.
Ogulmaral SÄHETMYRADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.