Özbegistanda geçirilen parlament saýlawlarynda dolandyryjy liberal demokratik partiýasy sesleriň köplügine eýe boldy. Bu barada Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi.
Özbegistanyň taryhynda ilkinji gezek parlament saýlawlary garyşyk saýlaw ulgamy – mažoritar we proporsional esasda geçirildi. Saýlawlaryň netijesinde bäş partiýanyň hemmesi Respublikanyň parlamentine girdi.
-Deslapky netijeler partiýalaryň sanawy boýunça şeýle tertipde: Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasy -“Telekeçileriň we işewür adamlaryň hereketi” 34,75 göterim, Özbegistan demokratik partiýasy “Milliý Tiklaniş” 18,82 göterim, Özbegistanyň Sosial-demokratik partiýasy “Adolat” 16,2 göterim, Özbegistan Halk-demokratik partiýasy 13,12 göterim, Özbegistanyň ekologiýa partiýasy 13 göterim sese eýe boldy – diýip, Zaýniddin Nizamkojaýew aýtdy.
Şeýle hem, ol mažoritar ulgam boýunça berlen sesleriň netijelerini mälim etdi. “Netijelere esaslanyp, Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasy sesleriň 42,7 göterimini we parlamentdäki 64 orny eýeledi – diýip, ol belledi.
Saýlawlara gatnaşyk 74,72 göterime deň boldy.