Fran­si­ýa­nyň Mil­li par­la­men­tin­de aşa gurp­ly adam­la­ra goş­ma­ça sal­gyt gi­ri­zil­me­gi se­se go­ýul­dy. Ka­nun tek­li­bi­ne gö­rä, ba­ha­sy 1 mil­liard ýew­ro­dan gym­mat em­lä­ge bo­lan adam­lar 2 gö­te­rim sal­gyt tö­lär­ler. Bu sal­gyt Fran­si­ýa­da sal­gyt tö­le­mä­ge borç­ly ýa-da bu ýurt­da em­lä­gi bo­lan hem­mä de­giş­li bo­lar. Bu tek­lip aşa çep ga­ra­ýyş­ly Bo­ýun eg­me­ýän Fran­si­ýa (LFI) par­ti­ýa­sy ta­ra­pyn­dan mil­li par­la­ment­de gel­jek ýy­lyň býu­je­ti ba­ra­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­ýän wag­ty be­ril­di. Ýur­duň Hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan tek­li­biň des­lap­ky nus­ga­sy ýe­ne bir ge­zek ga­ral­ma­gy üçin Fran­si­ýa­nyň Se­na­ty­na goý­be­ril­mez­den ozal, soň­ky ge­zek üýt­ge­di­lip­di.
Em­läk sal­gy­dy diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan sal­gy­dyň gi­ri­zil­me­gi­ne hä­ki­mi­ýet­dä­ki Re­ne­sans par­ti­ýa­sy bi­len bir ha­tar­da Mil­li bi­le­le­şik (RN) par­ti­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri hem gar­şy ses ber­di. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ýe­ter­lik de­re­je­de ses al­dy.
Bu tek­li­bi öňe sür­ýän de­pu­tat­lar sal­gy­dyň tä­ze gör­nü­şi bi­len Fran­si­ýa­nyň iň gurp­ly 10 ada­myn­dan azyn­dan 13 mil­liard ýew­ro gir­de­ji alyp bol­jak­dy­gy­ny öňe sür­ýär­ler.
Ge­çen ýyl ýur­duň býu­je­ti­niň ýet­mez­çi­li­gi 5,5 gö­te­rim bo­lup­dyr.
Tä­ze ka­nu­nyň güý­je gir­me­gi üçin Se­na­tyň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan hem tas­syk­lan­ma­ly bo­lar.