27-nji okt­ýabr­da Ýa­po­ni­ýa­da möh­le­tin­den öň par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ril­di. Kon­ser­wa­tiw li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy soň­ky 15 ýyl­da il­kin­ji ge­zek par­la­ment­dä­ki köp­lü­gi­ni ýi­tir­di. Prem­ýer-mi­nistr Isi­ba Si­ge­ru­nyň kon­ser­wa­tiw li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy 465 orun­lyk par­la­ment­de ze­rur bo­lan 233 or­ny alyp bil­me­di. Li­be­ral-de­mok­rat­lar mun­dan öň kon­ser­wa­tiw “Ko­meý­to” par­ti­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de ýur­dy do­lan­dyr­ýar­dy­lar. Do­lan­dy­ry­jy bi­le­le­şi­giň 181 or­ny alan­dy­gy ha­bar be­ril­di.
Gar­şy­daş Kons­ti­tu­si­ýa-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy par­la­ment­den 148 orun alyp, öň­ki saý­law­lar bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, öz or­nu­ny ep-es­li ber­kit­di. Ga­lan orun­lar bol­sa, beý­le­ki par­ti­ýa­la­ra de­giş­li bo­lup, Ýa­po­ni­ýa in­no­wa­si­ýa par­ti­ýa­sy 38 or­na, De­mok­ra­tik par­ti­ýa bol­sa 28 or­na eýe bol­dy.
Pem­ýer-mi­nist­riň par­ti­ýa­sy­nyň ýur­duň par­la­men­tin­de köp­lü­gi ga­za­nyp bil­mez­li­gi hö­kü­me­tiň işin­den çe­kil­me­li­di­gi­ni aň­lat­ma­ýar, ýö­ne par­ti­ýa­nyň öz mak­sat­la­ry­ny par­la­ment ar­ka­ly dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni bel­li bir de­re­je­de kyn­laş­dyr­ýar we bi­le­le­şik bo­ýun­ça üçün­ji hyz­mat­da­şyň ze­rur­ly­gy­ny ýü­ze çy­kar­ýar.
No­bat­dan da­şa­ry par­la­ment saý­law­la­ry li­be­ral-de­mok­rat­la­ryň li­de­ri Si­ge­ru Isi­ba­nyň par­ti­ýa­nyň tä­ze baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne ge­çe­nin­den soň gys­ga wag­tyň için­de ge­çi­ril­di. Ýa­po­ni­ýa­nyň Li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy 1955-nji ýyl­da dö­re­di­len gü­nün­den bä­ri he­mi­şe di­ýen ýa­ly hä­ki­mi­ýet­de bol­dy. Li­be­ral-de­mok­rat­lar bi­len “Ko­meý­to”-nyň do­lan­dy­ry­jy bi­le­le­şi­gi 2009-njy ýyl­dan bä­ri do­wam edip gel­ýär.