2018-nji ýy­lyň 23-26-njy ýan­wa­ry ara­ly­gyn­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň Da­wos şä­her­çe­sin­de Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­rumy ge­çi­ril­di. 1971-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän we üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da 48-nji­si ge­çi­ri­len hal­ka­ra fo­ru­myň çäk­le­rin­de 400-den gow­rak pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly orun eýe­le­ýän bu fo­ru­ma ze­nan­lar baş­tu­tan­lyk et­di­ler. Olar Hal­ka­ra Pul Gaz­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Kris­tin La­gard, IBM kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş mü­di­ri Jin­ni Ro­met­ti we Nor­we­gi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Er­na Sul­berg­dir. Fo­ru­ma 110 ýurt­dan 3 mü­ňe go­laý we­kil­çi­lik­li to­par gat­naş­dy. Ola­ryň ha­ta­ryn­da 70 döw­let we hö­kü­met baş­tu­ta­ny, 45 hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry we 1900-den gow­rak işe­wür­ler bar. Esa­san hem, yk­dy­sa­dy me­se­le­le­riň ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan ýyg­na­gy­na ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp, Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri An­ge­la Mer­kel, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Te­re­za Meý, Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron bi­len bir ha­tar­da gu­ra­ma­çy­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, 1997-nji ýyl­dan soň­ra il­kin­ji ge­zek Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri hem gat­naş­dy. Şeý­le ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki mas­la­ha­ta gat­naş­mak Na­rend­ra Mo­di­niň pa­ýy­na düş­di. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň we­kil­çi­lik­li to­pa­ry­na wi­se-prem­ýer Ar­ka­diý Dwor­ko­wiç baş­tu­tan­lyk et­di.
Hal­ka­ra fo­ru­myň gün ter­ti­bi­niň esa­sy me­se­le­le­ri­niň bi­ri dün­ýä­niň pul sy­ýa­sa­ty­ny düz­gün­leş­dir­mek­den yba­rat bol­dy. Ga­ly­ber­se-de, fo­ru­myň ge­çi­ril­ýän gün­le­rin­de dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­dä­ki oňyn ne­ti­je­ler ba­ra­da-da gür­rüň edil­di. Hal­ka­ra Pul Gaz­na­sy­nyň hü­när­men­le­ri fo­ru­myň çäk­le­rin­de gu­ran met­bu­gat ýyg­na­gyn­da 2018-nji hem-de 2019-njy ýyl­lar­da dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösüş dep­gi­ni­niň ozal­ky çak­la­ma­la­ra gö­rä, bir­ne­me ýo­kar­lan­jak­dy­gyny mä­lim et­di­ler.
Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­mynyň ýol­baş­çy­sy Klaus Şwab açy­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş edip, oňa gat­na­şy­jy­la­ry dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi üçin bi­le­lik­de ta­gal­la et­mä­ge ça­gyr­dy. Fo­ru­myň çäk­le­rin­de çy­kyş eden döw­let we hö­kü­met baş­tu­tan­la­rynyň ag­la­ba­sy er­kin söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­me­giň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp geç­di­ler.
Däp bo­ýun­ça fo­ru­myň öň ­ýa­nyn­da me­de­ni­ýet hem-de sun­gat iş­gär­le­ri­ne “An­nu­al Crys­tal Awards” baý­rak­la­ry gow­şu­ryl­ýar. Bu sy­lag­lar ola­ra dün­ýä­de öz­ge­riş­lik­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na goş­ýan go­şant­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp be­ril­ýär. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da bu baý­ra­k awstraliýaly akt­ri­sa, re­žiss­ýor we BMG-niň bos­gun­lar bo­ýun­ça pa­ra­hat­çy­lyk il­çi­si Keýt Blan­şet­te, Hin­dis­ta­nyň meş­hur akt­ýo­ry Şah­ruh Ha­na hem-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň bel­li aý­dym­çy­sy El­ton Jo­na be­ril­di.
Hal­ka­ra fo­ru­myň çäk­le­rin­de ener­ge­ti­ka, san­la­ýyn yk­dy­sa­dy­ýet, 4-nji se­na­gat öw­rü­li­şi­gi, te­bi­ga­ty go­ra­mak ýa­ly ugur­lar­da gy­zyk­ly pi­kir alyş­ma­lar ge­çi­ril­di. Soň­ky ýyl­lar­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, san­la­ýyn yk­dy­sa­dy­ýe­te (di­gi­tal econo­my) ge­çiş çalt­lan­dy­ryl­dy. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, 2030-njy ýy­la çen­li teh­no­lo­gi­ýa­nyň tu­tuş dün­ýä­niň je­mi içer­ki önü­mi­ne goş­ma­ça go­şan­dy­nyň 15,7 tril­li­on dol­la­ra ba­ra­bar bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar.
Da­wos­da­ky Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my döw­let bi­len hu­su­sy pu­da­gyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­ýän hal­ka­ra gu­ra­ma­dyr. Ol ta­ry­hy göz­ba­şy­ny 1971-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­dan alyp gaýd­ýar. Şol ýyl Že­ne­wa uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry Klaus Şwab Şweý­sa­ri­ýa meş­hur sy­ýa­sat­çy­la­ry we işe­wür­le­ri ýyg­nap, dün­ýä ba­za­ryn­da ýew­ro­pa te­le­ke­çi­li­gi­niň ösüş müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Il­kin­ji ýyl­lar bu fo­rum Gün­ba­tar Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di­ril­di. 1974-nji ýyl­da Da­wo­sa beý­le­ki ýurt­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry hem ça­gy­ryl­dy. 1976-njy ýyl­da fo­rum he­mi­şe­lik ag­za­lyk ul­ga­my­ny dö­ret­di. 1987-nji ýyl­da Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my ady­na eýe bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da 1 müň­den gow­rak iri kom­pa­ni­ýa we gu­ra­ma bu fo­ru­myň ag­za­sy­dyr. Fo­ru­myň esas­lan­dy­ry­jy­sy we ýol­baş­çy­sy Že­ne­wa uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry Klaus Şwab­dyr. Gu­ra­ma­nyň mer­ke­zi eda­ra­sy Že­ne­wa­da ýer­leş­ýär. Fo­ru­myň her ýyl­ky du­şu­şyk­la­ry dün­ýä bel­li Da­wos dag-ly­ža şy­pa­ha­na­syn­da ýan­war aýy­nyň ahy­ryn­da, few­ral aýy­nyň baş­la­ryn­da ge­çi­ril­ýär. Fo­ru­myň çäk­le­rin­de bir­nä­çe jem­gy­ýet­ler he­re­ket ed­ýär. Ol her ýyl bir­nä­çe ugur­lar bo­ýun­ça reý­ting­ler taý­ýar­lap, çap ed­ýär.
2017-nji ýyl­da Da­wos fo­ru­my 17-20-nji ýan­war ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­di. Oňa iň köp we­kil­çi­lik­li to­par Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­dan gel­di. HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da 100-den gow­rak ýol­baş­çy bu fo­ru­ma gat­na­şyp­dy.