Azerbaýjanda şu ýylyň 17-nji oktýabrynda Prezident saýlawlary geçiriler. Ýurduň Merkezi saýlaw topary esasy syýasy-jemgyýetçilik çäresine taýýarlyk görmäge başlady. Täze ýylyň ilkinji günlerinden bäri saýlawçylaryň sanawy düzülýär we ony 5-nji fewrala çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Finlýandiýada şu hepdäniň ahyrynda, ýagny 28-nji ýanwarda geçiriljek Prezident saýlawlary üçin wagtyndan öň, ses berlişik tamamlandy. Wagtyndan öň ses bermek çäresi 17-23-nji ýanwar aralygynda geçirildi. Şol döwürde saýlawçylaryň 24,2 göterimi, ýagny 1 million 27 müňüsi ses bermek hukugyndan peýdalandy.
Yragyň Prezidenti Fuad Masum parlament saýlawlarynyň geçiriljek senesini kesgitledi. Ol şu ýylyň 12-nji maýynda geçiriler.
Ýeliseý ylalaşygyna täzeden gol çekiler. Fransiýanyň hökümeti bilen Germaniýanyň hökümetiniň arasynda 1963-nji ýylda gol çekilen hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň binýadyny düzýän ylalaşygyň maddalary täzelener. Pariž bilen Berliniň arasynda diňe ykdysady ulgamda däl, eýsem, howpsuzlyk, sanlaýyn tehnologiýa we daşary syýasat babatda oňyn gatnaşyklar saklanýar. Bilermenleriň pikirine görä, ylalaşygyň täzelenmegi netijesinde Fransiýa Ýewropa Bileleşiginde täze özgerişleri geçirmäge mümkinçilik berer. Ylalaşyga şu ýylyň ahyryna çenli gol çekilmegine garaşylýar.
Bütindünýä bankyndan soňra, Halkara Pul Gaznasy (HPG) hem dünýä ykdysadyýetinde 2018-nji ýylda oňat netijelere garaşylýandygyny mälim etdi. Halkara maliýe edarasynyň çaklamalaryna görä, 2018-nji hem-de 2019-njy ýyllarda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň 3,9 göterime barabar boljakdygy aýdyldy. HPG-niň maglumatlaryna görä, 2017-nji ýylda dünýä ykdysadyýeti 3,7 göterim ösüşe eýe boldy.
Dünýä belli futbolçy Jorj Wea Liberiýada geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanypdy. Ol döwlet baştutany wezipesine resmi taýdan girişdi. Ýurduň paýtagty Monrowiýadaky stadionda geçirilen kasam kabul ediş dabarasyna 7 Afrika ýurdunyň Prezidentleri, FIFA-nyň ýörite topary we beýleki myhmanlar çagyryldy. Wea dabara gatnaşyjylaryň öňünde kasam kabul edip, wezipesine girişdi. Ol maksatnamalaýyn çykyşynda garyplyga, işsizlige hem-de parahorlyga garşy göreşjekdigini mälim etdi.
“Times Higher Education” bilim žurnaly Ýewropanyň iň kaşaň uniwersitetleriniň sanawyny düzdi. Daşky keşbiniň owadanlygy boýunça birinjilige Ýewropanyň iň gadymy ýokary okuw mekdepleriniň biri hasaplanýan hem-de 1088-nji ýylda esaslandyrylan Italiýanyň Bolonýa uniwersiteti mynasyp boldy. Bu ugurda ikinji orun Ispaniýanyň Salamanki uniwersitetine, üçünji orun Portugaliýanyň Koimbr uniwersitetine degişli boldy.
Golliwudyň iň ýaşuly aktrisasy Konni Soýer 106 ýaşynda aradan çykdy. 1912-nji ýylda Rumyniýada dünýä inen Soýer 140-dan gowrak kinoda we serialda surata düşdi. Onuň köp sanly meşhur filmleri bar.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň kararyna laýyklykda, 2018-2019-njy okuw ýylyndan başlap, ýurtda hökmany orta bilim 11 ýyla çykarylar. 2019-2020-nji okuw ýylyndan başlap, 11-nji synpy tamamlan okuwçylaryň ýokary bilim ojaklaryna kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.