Daş-töweregimize syn edenimizde gyş paslynyň dowam edýändigine garamazdan, käbir agaçlaryň we ösümlikleriň gök öwsüp oturandygyny görýäris. Aslynda, agaçlaryň aglabasynyň ýapraklary güýz paslynda düşýär. Agaçlaryň ýapraklarynyň we pürleriniň düşýän wagty pasla, ösüp oturan geografik ýerine we howanyň ýagdaýyna bagly bolýar. Hemişe gök öwsüp oturýan agaçlaryň ýapraklary we pürleri hem düşýär. Emma ol birwagtda däl-de, ýylyň dowamynda ýuwaş-ýuwaşdan bolýar. Agaçlaryň gyşyn-ýazyn gök öwüsmeginiň ýene bir sebäbi bu agaçlaryň ýapraklarynyň kiçi bolmagyna baglydyr. Bu ýapraklar iýmit öndürmegi üçin has az yşyk talap edýär. Şol sebäpli güýz paslynyň gelmegi bilen, güneşli howanyň azalmagy olara has az täsir edýär. Emma bularyň hem Gün düşmeýän tarapyndaky ýapraklary düşüp bilýär. Bu agaçlaryň ýapraklary täzelenende olaryň aşagyndaky ýapraklary düşýär, ýokarsyndan bolsa täzeleri peýda bolýar.
Ösümligiň ýapragynyň düşmeli wagtyny howanyň üýtgemegi ýaly daşky täsirler kesgitleýär. Ösümlikleriň ýapraklarynyň düşmegi olaryň iýmit, energiýa, suw talabyny azaltmaklaryna hem-de sowuk we gurak howada indiki bahara taýýarlyk görmegine ýardam edýär. Olaryň köpüsi ýylyň ähli wagtynda al-ýaşyl öwüsýän bolsa, köpüsi-de dürli görnüşli agaçdyr ösümlikler bolup, diňe käbiriniň ýapragy düşýär. Maglumatlara görä, Ýer ýüzüniň 30 göterime golaýyny tokaýlyklar emele getirýär.