4-nji no­ýabr­da Rus­si­ýa­nyň So­çi şä­he­rin­de “Wal­daý” hal­ka­ra dis­kus­si­ýa klu­by­nyň 21-nji mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy. Her ýyl­da gu­ral­ýan bu çä­rä 50 ýurt­dan 140 gat­na­şy­jy­ny bir ýe­re jem­le­ýär.
“Mä­käm pa­ra­hat­çy­lyk – XXI asyr­da äh­lu­mu­my howp­suz­lyk we ösüş üçin deň müm­kin­çi­lik­ler” at­ly mas­la­hat 7-nji no­ýab­ra çen­li do­wam eder. Dört gün­lük mas­la­hat 10 sa­ny te­ma­ti­ki ses­si­ýa­ny, ýö­ri­te ses­si­ýa­ny we açyk çe­kiş­mä­ni öz içi­ne alyp, onuň bar­şyn­da bi­ler­men­ler Ýew­ra­zi­ýa­nyň howp­suz­ly­gyn­dan baş­lap, eme­li aň me­se­le­si­ne çen­li dür­li me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şar­lar.
Mun­dan baş­ga-da, mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar si­wi­li­za­si­ýa, Ýa­kyn Gün­do­gar­da­ky ýag­daý­lar, daş­ky gur­şaw, glo­bal öz­ge­riş­lik­ler döw­rün­de mag­lu­ma­tyň or­ny, ABŞ-da­ky saý­law­lar we beý­le­ki­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri sel­je­rer­ler.
Du­şu­şy­gyň il­kin­ji gü­nün­de dün­ýä ter­ti­bi, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry, se­bit howp­suz­ly­gy we beý­le­ki­ler ýa­ly me­se­le­le­re de­gip geç­ýän “Dün­ýä aşak­dan ýo­ka­ry­ly­gy­na ýa-da Ýew­ra­zi­ýa bi­na­gär­li­gi­niň aja­ýyp eser­le­ri” at­ly ýyl­lyk “Wal­daý” ha­sa­ba­ty hö­dür­len­di.
“Wal­daý” hal­ka­ra dis­kus­si­ýa klu­by, sy­ýa­sy ylym­lar, yk­dy­sa­dy­ýet, ta­ryh we hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy da­şa­ry ýurt­ly we rus hü­när­men­le­ri­niň bi­le­le­şi­gi­dir. Şeý­le-de “Wal­daý” rus we hal­ka­ra in­tel­lek­tu­al we sy­ýa­sy bi­ler­men­le­riň öza­ra gat­na­şy­gy üçin öň­de­ba­ry­jy plat­for­ma­la­ryň bi­ri­dir.