Käbir döwrebap binalaryň tutuşlygyna aýnadan ýasalan gapylarynda “Üns beriň, aýna!” ýazgysyny gören bolsaňyz gerek. Sebäbi gündelik aladalary bilen başagaý adamlaryň aňyrsy görnüp duran arassa aýnanyň bardygyny aňmazlygy mümkin. Hernäçe aňyrsy görünýän hem bolsa, aýnalar şöhläni azda-kände bolsa-da döwýärler. Şol sebäpli biz olary görüp bilýäris. Golaýda amerikan alymlary şöhläni hiç hili döwmeýän aýnany ýasamagyň hötdesinden geldiler. Brukheýwen barlaghanasynyň hünärmenleriniň döreden bu aýnasy görünmeýär diýen ýaly.
Mälim bolşy ýaly, aýnalar şöhläni tutuşlygyna däl-de, belli bir bölegini göni geçirýär. Bir bölegini bolsa, yzyna serpikdirýär. Şol sebäpli aňyrsy görünýän aýna-da Gün şöhlesini göni serpikdirip, gözümizi gamaşdyryp bilýär.
Hünärmenler şöhläni yza serpikdirmegi nanotehnologiýa arkaly amala aşyrypdyrlar. Andreas Lýapis, Atikur Rahman we Çarlz Blek tarapyndan taýýarlanan ylmy barlagyň netijeleri “Applied Physics Letters” neşirinde çap edildi.