Angliýada geçirilen barlaga görä, bag-bakjada işleýän çagalaryň has akylly bolýandygy anyklandy. Miwe, gök-önüm we gül ösdürip ýetişdirmäge kömek edýän çagalaryň okuwda hem üstünlik gazanýandygy ýüze çykaryldy. Geçirilen barlaga görä, mekdebiň daş-töweregindäki baglaryň idegine, nahal oturtmaga, güllere suw bermäge gatnaşýan çagalar okamakda, ýazmakda, matematika we beýleki sapaklarda has ökde bolýar. Bu barlaga 1 müň 300 mugallym gözegçilik edipdir. Barlagyň netijesinde, bag-bakjada ideg işleri bilen wagt geçirýän çagalaryň söz baýlygynyň has köp bolýanlygy we özlerine bolan ynamyň ýokarlanýanlygy ýüze çykaryldy. Bilermenler munuň sebäbini ýaşlaryň toprak bilen meşgullanmaklary bilen bagly düşündirýärler. Toprak bedendäki artykmaç energiýany alyp, çagalaryň we ýetginjekleriň has sagat hem-de akyl ýetirmek ukybynyň ýokary bolmagyna sebäp bolýar. Bulardan başga-da, ösdürip ýetişdiren miweleriniň we gök önümleriniň gül açandygyny, miwe berendigini görmek olaryň döredijiligini artdyrýar.