Ýurdumyzda giň gerimli işler, durmuş-ykdysady we syýasy özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde kabul edilýän maksatnamalar halkymyzyň bähbitlerini nazarlap, milli ykdysadyýetimizde oňyn özgertmeler, ýokary depginli ösüş-özgeriş bilen rowaçlanýar. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen «Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» munuň aýdyň beýanydyr.
Resminamada ýerine ýetirilen, ýerine ýetirilýän we geljekde ýerine ýetirilmeli işler giňişleýin beýan edilýär. Şäheriň ähli ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmegi, ilatyň ýaşaýyş, zähmet, dynç alyş şertlerini kämilleşdirmegi yzygiderli üpjün etmek we has-da ýokarlandyrmak bu resminamanyň esasy maksady bolup durýar. «Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» maliýe-ykdysady, senagat, önümçilik nukdaýnazardan uly ähmiýete eýe bolup, döwletimiziň durnukly ösmegini üpjün etmäge, önümçilik kuwwatlyklaryny, senagaty ösdürmäge, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmaga, amatly işewürlik gurşawyny döretmäge, söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge, täze iş ýerleriniň döredilmegine, aýlyk zähmet haklarynyň we ilatyň girdejileriniň yzygiderli ýokarlanmagyna, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň berk üpjün edilmegine, durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalarynyň, ulag we beýleki durmuş hyzmatlarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen şäheriň gurluşygynda öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar giňden ulanylýar. Bu täsin «akylly» şäherde adamlaryň ýaşamagy üçin has amatly şertler döredilen. Köpetdagyň ajaýyp dag tebigaty bilen bir bitewüligi emele getiren şäheriň köp sanly halkara sylaglara mynasyp bolandygyny bellemek gerek.
Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» sergisinde Arkadag şäheri birbada «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly üç baýraga mynasyp boldy.
Şeýle-de, ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäher konsepsiýasyna esaslanyp bina edilen Arkadag şäheri halkara forumlaryň, maslahatlaryň, bäsleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Merdana pederlerimiz öz bedew atlaryny syrdaş dosty hasaplapdyrlar. Şoňa görä-de, at seýislemek hem-de at üstündäki milli oýunlary kämilleşdirmek boýunça irginsiz zähmet çekipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen bu şäherde ata-babalarymyzdan gelýän atçylyk sungatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da pajarlap ösýän mekanyna öwrülendigini nygtamak gerek.
Häzirki döwürde Arkadag şäherinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar. Munuň özi täze şäheriň halkara sport giňişligine aralaşmagyna giň ýol açýar. «Arkadag» futbol topary geçen ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempiony boldy. Onuň şu ýylky görkezijileriniň hem ýokary derejä eýedigi «Arkadag» futbol toparynyň ägirt uly geljeginiň bardygyny görkezýär.
Arkadag şäheri – agzybirligiň, parahatçylygyň, jebisligiň, mähribanlygyň, söýginiň, dost-doganlygyň, bagtyň mekany. Bu «akylly şäher» gözümiziň alnynda ösýär, özgerýär, gün-günden has-da owadan keşbe girýär. Goý, bu ajaýyplyklar nesilden-nesle aşyp, dünýäni hemişe haýran etsin!
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Güljahan HOJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.