Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýetimizi, medeni mirasymyzy gorap saklamak hem-de milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek boýunça ummasyz işler durmuşa geçirilýär. Şol sanda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistan BMG-niň möhüm konwensiýalarynyň ýüzlerçesine goşulmak bilen, üstüne alan borçnamalaryna hemişe ygrarlydygyny görkezýär. BMG döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, dünýäde ählumumy howpsuzlygy we parahatçylygy gorap saklamak hem-de üpjün etmek maksatlary bilen döredilen halkara guramadyr. BMG-niň ähli düzüm birlikleri biziň ýurdumyzyň hökümeti bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Olardan has ähmiýetlileriniň biri-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy, ýagny ÝUNESKO bolup durýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeni mirasymyzy aýawly saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saz-sungatyny öwrenmek hem-de wagyz etmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ylmy gatnaşyklary ösdürmek, daşary ýurtlaryň iri ylym merkezleri we bu ugurdaky halkara düzümler, şol sanda ÝUNESKO bilen giňden hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biridir. Bilşimiz ýaly, 2021-nji ýylyň ahyrynda türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi raýatlarymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Bu çözgüt 2021-nji ýylyň 13 – 18-nji dekabry aralygynda Parižde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 16-njy mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi.
Şu ýylyň 12-nji oktýabrynda ýurdumyzyň milli hödürnamasy esasynda, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagy möhüm wakalaryň biri boldy.
Şeýlelikde, degişli şahadatnamanyň gowşurylmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan we Gündogaryň beýik şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda bolup geçýän möhüm wakalaryň üstüni ýetirdi. Bu şanly senäniň dünýä derejesinde dabaralandyrylmagy söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetine eýedigini subut edýär.
Ogulgerek DÖWLETOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.