Kino sungaty adamzadyň gazanan iň uly gymmatlyklarynyň biridir. Ol sungatlaryň arasynda beýleki beýik sungatlaryň birleşmeginden gelip çykan medeni baýlykdyr. Ine, şu medeni baýlyk biziň döwletimizde hem netijeli ösdürilýär. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi bu ugurda netijeli işleri alyp baryp, dürli görnüşli filmleri taýýarlaýar. Şeýle hem iri halkara kinofestiwallaryň guralmagyna gatnaşýar. Geljek hepdede ajaýyp paýtagtymyz kino sungatynyň merkezine öwrüler. 13 – 15-nji noýabrda paýtagtymyzda türki dilli halklaryň «Gorkut ata» atly halkara festiwaly geçirilýär.
Dünýäniň köp ýurdunda kinematografiýaçylaryň gatnaşmagynda geçirilýän halkara çärede Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinorežissýorlary tarapyndan birnäçe filmler görkeziler. Halkara forumyň çäklerinde «Aşgabat» myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygyny geçirmek, «Aşgabat» kinoteatrynda, «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilmegi, Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa daşary ýurtly kinematograflaryň we artistleriň talyplar üçin ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzdaky we onuň etegindäki ajaýyp ýerlere gezelençler guralar. «Gorkut ata» kinofestiwaly türki dilli döwletlerde kino sungatyny ýokary derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Maksat ARSLANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.