«Kearney» maslahat beriş kompaniýasy «Global şäherler hasabaty-2024» atly maglumaty ýaýratdy. Maglumatda ökde hünärmenleriň has köp şäherleriniň sanawy bar. Sanaw taýýarlananda telekeçiligiň işjeňligi, ökde hünärmenleriň barlygy, medeni tejribe ýaly ugurlar göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem daşary ýurtlularyň şäherde ýaşamaklarynyň näderejede aňsatdygy, internetiň tizligi, maglumat merkezleri we sanly infrastrukturanyň barlygy hasaba alnypdyr. Ýewropa şäherlerindäki ösen infrastrukturasy bilen öňdeligi eýeleýän sebit bolmagynda galýar. Aziýa-Ýuwaş ummany we Demirgazyk Amerika bolsa bu ugurda has köp ösüşiň hasaba alnan ýerleri boldy. Şanhaý, Singapur, Çikago, Dallas we Frankfurt ýaly şäherler sanly infrastruktura goýberilýän maýa goýumlary bilen tapawutlanýar. Maglumatda bu şäherlerde global elýeterlilik mümkinçilikleriniň ozalky ýyllardakydan has köpdürlüdigi, barha sanlylaşýandygy bellenilýär.
Sanawyň başynda Nýu-Ýork, London, Pariž we Tokio bar. Ýakyn geljekde olaryň ýerine San-Fransisko, Mýunhen, Kopengagen, Lýuksemburg we Seul ýaly şäherler geçip biler.
Eneş BEŞIMOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.