Dünýäde obalaryň käsi özüniň tebigaty we täsin binagärlik gurluşy bilen tanalýan bolsa, käbir oba ýöriteleşen önümçiligi ýa-da gaýtalanmajak senetçiligi bilen görenleri haýran edýär. Şeýle obalaryň biri hem Serbiýanyň günortasynda ýerleşýän Donýa obasydyr. Bu oba dünýäde «gyzyl burçlaryň mekany» hökmünde tanalýar. Güýz paslynyň gelmegi bilen Donýa obasynda ýetişdirilen bolgar burç we ajy gyzyl burç hasyly ýygnalyp, sapakdan sallanyp guradylýar. Bu oba burç hasyly ýygnalýan möwsümde barsaň, özüňi gyzyl dünýä düşen ýaly duýýarsyň. Obanyň ýaşaýyş jaýlary we üçegi hem gyzyl reňkli. 341 metr belentlikde ýerleşýän gyzyl reňkli obanyň müňe golaý ilaty bar. Burç önümçiliginde öňdeligi eýeleýän Donýa obasynyň ýaşaýjylarynyň esasy bölegini ýaşuly nesil düzýär. Ilatyň esasy käri ekerançylyk we senetçilik bolup, obanyň ähli ýerinde diýen ýaly burç ekilen meýdanlary görmek bolýar.
Obanyň ýaşaýjylary örän işeňňir. Günorta kontinental guşaklykda ýerleşýän bu oba tebigy taýdan burç ösdürip ýetişdirmek üçin iň amatly ýerleriň biridir. Južna Morawa derýasy obany suw bilen üpjün edýär. Bolgar burç we gyzyl burç mart aýynda ekilýär. Oktýabr aýynda ýygnalan burç hasyly sapaklara düzülip, açyk meýdanda guradylýar. Şeýlelikde, öýleriň daş-töweregi, diwarlar, üçekleriň aşagy gyzyl burçlara bürenýär.
Oba ýaşaýjylary oba hojalyk işini 3 döwre bölýärler: burç çigidini (şitilini) ekmek, hasyl ýygnamak we guratmak. Guradylan hasyldan eksporta niýetlenen dürli ajylykda üwelen burçlar öndürilýär. Serbleriň gürrüň bermegine görä, obada iki görnüşli burç ekilýär. Olaryň birinjisi süýjümtik tagamly, etlek ajwarka burçy bolup, mundan köplenç gaplanan we marinad edilen görnüşde goýaltma, püre we işdäaçarlar taýýarlanylýar. Obada ýetişdirilýän beýleki burça «geçiniň şahy» ady bilen tanalýan koziji rog (nizaça) diýilýär. Inçeden uzyn bu burç örän ajy bolup, üwelen ýa-da sapaga düzülen görnüşde eksport edilýär.
Obanyň esasy girdejisi burç hasylyndan gelýär. Gyzyl burç obasy Belgraddan 265 kilometr uzaklykda ýerleşip, paýtagta 3 sagatda baryp bolýar. Oba ýaşaýjylary güýz aýynda gyzyl burç hasylyna bagyşlap ýörite festiwal geçirýärler. Festiwala ýerli halk bilen bir hatarda, syýahatçylar hem gatnaşýar. Serbiýa barýan syýahatçylaryň köpüsi burçly ekin meýdanlaryny, diwarlaryndan we üçeklerinden gyzyl burç asylan «sungat eserini» görmek üçin Donýa obasyna barýarlar.