Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy “SpaceX” dün­ýä­niň iň uly ra­ke­ta­sy bo­lan “Su­per Heavy” gö­te­ri­ji ra­ke­ta bi­len al­tyn­jy sy­nag uçu­şy­na taý­ýar­lan­ýar. Uçuş 18-nji no­ýabr­da me­ýil­leş­di­ril­ýär.
“Stars­hip”, Ýe­riň da­şyn­dan bir ge­zek aý­la­nan­dan soň, Awst­ra­li­ýa­nyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da­ky Hin­di um­ma­ny­na gon­ma­ly. “Su­per Heavy” uçu­ryş top­lu­my­na go­nar diý­lip ga­ra­şyl­ýar.
“SpaceX” okt­ýabr aýyn­da “Stars­hip”-iň bä­şin­ji sy­nag uçu­şy­ny üs­tün­lik­li ge­çir­di. Kom­pa­ni­ýa il­kin­ji ge­zek ra­ke­ta­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry­ny uçuş meý­dan­ça­sy­na gaý­tar­ma­gy ba­şar­dy. Dör­dün­ji sy­nag baş­lan­gy­jy wag­tyn­da “Stars­hip” sy­nag uçu­ryş­la­ryň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Ýe­re do­la­nyp gel­di. Il­kin­ji üç uçu­ruş şow­suz ta­mam­lan­dy.
“Stars­hip” – “Su­per Heavy” gö­te­ri­ji ra­ke­ta­dan we “Stars­hip” gä­mi­sin­den yba­rat has agyr köp ge­zek ula­nyl­ýan iki bas­gan­çak­ly ul­gam­dyr. Kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri gel­jek­de ho­wa gä­mi­si­niň or­bi­ta uçuş­la­ry ama­la aşy­ryp, abat ýag­daý­da do­la­nyp gel­jek­di­gi­ne ynan­ýar.