Be­dew bat­ly ösüş­le­riň ak ýo­lun­dan bar­ha öňe bar­ýan, gün­sa­ýyn öz­ger­ýän ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da bo­lup geç­ýän ta­ry­hy wa­ka­lar kalp­lar­da buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň giň­den bel­len­ýän «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da şan­ly wa­ka­la­ryň bir­nä­çe­si­ne şa­ýat bol­duk. Di­ýa­ry­my­zyň paý­tag­tyn­da we se­bit­le­rin­de açy­lyp ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän des­ga­lar, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra fo­rum­lar, iri çä­re­ler il­deş­le­ri­mi­ziň her bi­ri­niň wa­tan­çy­lyk ru­hu­ny be­len­de gö­ter­ýär.
Şu ýy­lyň 6-njy sent­ýab­ryn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len hem-de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi, bu res­mi­na­ma dün­ýä­niň 87 döw­le­ti­niň aw­tor­daş bo­lup çy­kyş et­me­gi şan­ly ýyl­da­ky şöh­rat­ly wa­ka­la­ryň bi­ri­dir. Ag­za­lan Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi my­na­sy­bet­li, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da 2-nji no­ýabr­da Sag­lyk ýo­lun­dan ge­çil­di, ýy­lyň do­wa­myn­da hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da go­wy ne­ti­je ga­za­nyp, ýa­şyl Tu­gu­my­zy be­lent­de par­la­dan tür­gen­le­ri­miz sy­lag­lan­dy.
Ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 3-nji iýu­ny Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da ta­ry­hy Ka­rar­na­ma­nyň, şeý­le hem BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 76-njy ses­si­ýa­sy­nyň 61-nji umu­my mej­li­sin­de «Dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak üçin köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped sür­me­gi jem­gy­ýet­çi­lik ulag ul­gam­la­ry­na gi­riz­mek» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi hem ýö­ne­li­ge däl­dir. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň spor­ty ös­dür­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry­nyň dün­ýä­de giň­den yk­rar edil­ýän­di­gi­niň ny­şa­ny­dyr. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni ýur­du­myz­da her ýyl­da has da­ba­ra­ly bel­le­nip ge­çil­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni pa­ra­hat­çy­lyk we dost­luk, sag­dyn­lyk we ru­hu­be­lent­lik tag­ly­mat­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­ýan hal­ka­ra baý­ra­my­dyr. Bu baý­ram pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­si bo­lan spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li hem-de dö­re­di­ji­lik­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga hem-de ony ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň Çöz­gü­di­ne la­ýyk­lyk­da, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri», Azi­ýa­nyň Ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ten­nis top­lu­my­nyň «Ten­nis bo­ýun­ça Azi­ýa se­bi­ti­niň okuw-tür­gen­le­şik mer­ke­zi» diý­lip yg­lan edil­me­gi, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň be­lent yk­ra­ra eýe bol­ýan­dy­gy, şeý­le hem Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­la­ryň ga­zan­ýan sport üs­tün­lik­le­ri bag­ty­ýar hal­ky­myz­da eg­sil­mez buý­sanç dö­red­ýär.
Be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len döw­let mak­sat­na­ma­la­ry şa­ýat­lyk ed­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da «Türk­me­nis­tan­da 2021 – 2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­mak hem-de ös­dür­mek bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma» hem bar. Oňa la­ýyk­lyk­da, Di­ýa­ry­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de mil­li spor­tu­my­zy ös­dür­mek, ez­ber tür­gen­le­ri ýe­tiş­dir­mek ba­bat­da giň ge­rim­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Şu ýy­lyň ýan­war – okt­ýabr aý­la­ryn­da be­den­ter­bi­ýä­ni, spor­ty ös­dür­mek, us­sat tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça hem iş­ler do­wam et­di­ril­di. Döwlet Baştutanymyzyň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, ABŞ-nyň Los-An­je­les şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry dö­re­dil­di. Ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň 161-si­ne gat­na­şyp, je­mi 538, şol san­da 174 al­tyn, 150 kü­müş, 214 bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar.

Je­ren Po­py­ýe­wa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň jemgyýetçilik kafedrasynyň uly mugallymy.