ABŞ-nyň 47-nji Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne saý­la­nan Do­nald Tramp mil­li­ar­der Ilon Mas­kyň we te­le­ke­çi Wi­wek Ra­mas­wa­mi­niň Döw­let do­lan­dy­ry­ly­şy­nyň tä­sir­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça mi­nistr­li­giň ýol­baş­çy­la­ry we­zi­pe­le­ri­ne bel­le­nil­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di. Tä­ze mi­nistr­li­ge “Hö­kü­met ne­ti­je­li­li­gi­niň de­par­ta­men­ti” (De­part­ment of Govern­ment Ef­ficiency) ady­ny Tram­pyň özi ber­di. Bu eda­ra fe­de­ral çyk­da­jy­la­ry düz­gün­leş­dir­mek we hö­kü­me­tiň gur­luş öz­gert­me­le­ri bi­len meş­gul­lan­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. De­giş­li met­bu­gat be­ýa­na­ty Ilon Mask X so­si­al ul­ga­myn­da­ky ak­ka­un­tyn­da ýer­leş­dir­di.
“Bu iki be­ýik ame­ri­ka­ly bi­le­lik­de me­niň ad­mi­nist­ra­si­ýa­ma çyk­da­jy­la­ry azalt­ma­ga we fe­de­ral agent­lik­le­ri üýt­ge­dip gur­ma­ga ta­rap ýol açar” diý­lip, Tram­pyň be­ýa­na­tyn­da aý­dyl­ýar. “Biz her ýyl döw­let býu­je­ti­ne 6,5 tril­li­on dol­lar möç­ber­de zy­ýan ýe­tir­ýän köp­çü­lik­le­ýin harç­la­ma­la­ry ara­dan aý­ra­rys. Bu bol­sa, Ame­ri­ka­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň yg­lan edil­me­gi­niň 250 ýyl­ly­gy­na aja­ýyp sow­gat bo­lar” diý­lip, be­ýa­nat­da bel­le­nil­ýär.
Ýe­ri ge­len­de ýat­lap geç­sek, “Tes­la” we “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­sy üçin fe­de­ral hö­kü­met­dä­ki we­zi­pe ba­ra­da Tramp he­niz saý­law­dan öň­ki kam­pa­ni­ýa­syn­da ýat­lap ge­çip­di. Bio­teh­no­lo­gi­ýa pu­da­gyn­da­ky tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nal­ýan ame­ri­ka­ly te­le­ke­çi Wi­wak Ra­mas­wa­my, 2024-nji ýyl­da­ky kam­pa­ni­ýa­nyň çäk­le­rin­de Res­pub­li­kan par­ti­ýa­dan ABŞ-nyň pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär bo­lup­dy. Şol dö­wür­de Ra­mas­wa­mi Tram­pyň ad­mi­nist­ra­si­ýa­syn­da wi­se-pre­zi­dent we­zi­pe­si üçin göz öňün­de tu­tu­lup­dy.
Şeý­le hem Tramp “Fox News”-yň alyp ba­ry­jy­sy we har­by we­te­ran Pit Heg­se­ti go­ran­mak mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne tek­lip et­di we ony “gaý­duw­syz, akyl­ly we Ame­ri­ka­ny ile­ri tut­mak­da ha­ky­ky ynan­ýan adam” di­ýip hä­si­ýet­len­dir­di. Şeý­le hem Tramp Gü­nor­ta Da­ko­ta şta­ty­nyň hä­ki­mi Kris­ti Noe­mi içer­ki howp­suz­lyk sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne hö­dür­le­di. Ol Do­nald Tram­pyň ser­het howp­suz­ly­gy sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de mö­hüm rol oý­nar.
Mun­dan baş­ga-da Do­nald Tramp Flo­ri­da şta­tyn­dan res­pub­li­kan kong­res­men Maýk Walt­sy mil­li howp­suz­lyk bo­ýun­ça ge­ňeş­çi we Ar­kan­zas we­la­ýa­ty­nyň öň­ki gu­ber­na­to­ry Maýk Ha­ka­bi­ni ABŞ-nyň Ys­ra­ýyl­da­ky il­çi­si edip bel­le­jek­di­gi­ni aýt­dy. Şeý­le-de, Do­nald Tramp Flo­ri­da şta­ty­na we­kil­çi­lik ed­ýän se­na­tor Mar­ko Ru­bio­ny döw­let sek­re­ta­ry, Ga­wa­ýi şta­ty­na we­kil­çi­lik eden Kong­re­siň We­kil­ler pa­la­ta­sy­nyň öň­ki ag­za­sy Tul­si Gab­bar­dy ABŞ-nyň Mil­li aň­taw gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy, Ro­bert Ken­ne­di – ki­çi­ni ABŞ-nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nist­ri, res­pub­li­kan kong­res­men Mett Get­si Baş pro­ku­ror – ada­lat sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne bel­le­mek­çi­di­gi­ni mä­lim et­di.
ABŞ-d Prei­dent saý­law­la­ry 5-nji no­ýabr­da ge­çi­ril­di. Bäs­le­şik wi­se-pre­zi­dent Ka­ma­la Har­ris we ABŞ-nyň öň­ki döw­let Baş­tu­ta­ny Do­nald Tram­pyň ara­syn­da bol­dy. Ses be­riş­lik­de Tramp 51 gö­te­rim, Ka­ma­la Har­ris bol­sa, 47,4 gö­te­rim se­se eýe bol­dy.