Alymlar Ýuwaş ummanyň günorta-günbatar böleginden dünýäniň iň uly merjenini tapdylar. Onuň ini 34 metr, diametri 32 metr, beýikligi 5,5 metr. Bu merjen “National Geographic Pristine Seas” toparynyň deňizçi alymlary tarapyndan Solomon adasynyň golaýyndan ýüze çykaryldy. Barlag geçirijileriň bellemegine görä, 1 milliard töweregi polip torundan emele gelen merjeniň ýaşy 300 bilen 500 ýyl aralygynda bolup biler.
“National Geographic”-iň barlag geçirijisi Enrik Sala bu tapyndyny möhüm ylmy açyş diýip atlandyrdy. Alymlar topary merjeniň durkunyň gowudygyny aýtdylar, ýöne global ýylylygyň ýaramaz täsirine uçramagynyň mümkindigini hem duýdurdylar.
-Aladalanara sebäp bar. Uzakda ýerleşýändigine garamazdan, bu merjen global ýylylykdan we adam tarapyndan döredilýän beýleki howplardan goranyp bilmeýär – diýip Enrik Sala aýtdy.
Ilkibaşda toparyň agzalary merjeni gark bolan gäminiň galyndylarydyr öýtdüler. Ekspedisiýa gatnaşan suwasty operator Manu San Feliks merjeni has ýakyndan synlamak üçin 12 metrden gowrak çuňluga çümüp, onuň “Pavona klawus” görnüşidigini anyklady.
Geçirilen soňky barlaglarda merjenleriň haýwanlaryň birnäçe görnüşleri üçin möhüm ýaşaýyş mekanydygy, gaçybatalgasydygy we köpelýän ýeridigi belli boldy. Solomon adalarynyň Premýer-ministri Jeremi Manele bu açyşyň merjen gaýalaryny geljek nesiller üçin goramagyň we saklap galmagyň möhümdigini görkezýändigini aýtdy.