Amerikaly alymlar, takmynan, 34 müň ýyl bäri bar bolan janly ulgamlardan birini ýüze çykardylar. “Pando” diýlip atlandyrylan bu täsin ulgam ýöne bir tokaý hem däl-de, eýsem, müňlerçe ýyl bäri ýaşap gelýän umumy kök ulgamy bolan agaçlaryň toplumydyr. Birinji gezek göreniňde, adaty tokaýy ýatladýan görnüş, hakykatda, Ýuta ştatynda 430 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän genetiki taýdan meňzeş bolan 47 müň derek agajydyr.

“Pando”-nyň esasy aýratynlygy, bu agaçlaryň hemmesiniň genetiki taýdan birmeňzeşligidir. Olar tohumlaryň üsti bilen däl-de, wegetatiw görnüşde – umumy kök arkaly köpelýärler. Bu bolsa, agaçlara bir ulgamly ullakan toplumy emele getirmäge mümkinçilik berýär. Bu ulgamdan alnan 500 nusganyň genetiki derňewi, ösümlikleriň daşky görnüşine we ýaşyna garamazdan DNK-synyň birmeňzeşdigini tassyklady.

“Pando”-nyň ýene-de aýratynlygy, onuň gelip çykyşy howanyň has sowuk bolan iň soňky buzluk maksimumyndan gözbaş alyp gaýdýanlygydyr.  Käbir barlag geçirijiler bu ulgamyň ýaşynyň 80 müň ýyla ýetip biljekdigini tassyklaýar. Bu bolsa, onuň Ýer togalagynyň iň gadymy ýaşaýyş ulgamlarynyň biridigini çaklamaga esas döredýär.