“Hyundai Motor”, Koreýa Respublikasynyň Ulsan şäherini “wodorod şäherine “ öwürmek üçin şäheriň häkimiýetler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etjekdigini habar berdi. Şu maksat bilen “Hyundai Motor” kompaniýasy we ýurduň Ulsan şäheriniň häkimiýetleri şäherde wodorod ekoulgamyny döretmek üçin özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. Şertnamanyň maksady wodorody öndürmek, saklamak, daşamak we ulanmak üçin zerur infrastrukturany ösdürmekden ybarat.

Resminama gol çekmek dabarasy “Hyundai Motor” kompaniýasynyň baş müdiri Li Don Sokuň we Ulsanyň häkimi Kim Du Gýomyň gatnaşmagynda geçirildi. Taraplar arassa wodorod önümçiligi, şol sanda suw elektrolizi ugurlarynda hem-de wodorod ulaglaryny işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk gazandylar. Esasan hem, “Hyundai Motor” ýük gatnawlary üçin wodorod tirkeg çekijilerini işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär, bu bolsa daşky guraşw babatda arassa logistika ulgamyny döretmäge mümkinçilik berer.

Taslama wodorod traktorlarynyň we ýük ýükleýjileriň döredilmegini, şeýle-de sebitiň dürli logistika ugurlarynda wodorod awtoulaglaryny synagdan geçirmegi maksat edinýär. “Hyundai Motor” -yň baş direktorynyň belleýşi ýaly, bu taslama diňe bir kompaniýanyň wodorod energiýasy pudagyndaky ornuny berkitmek bilen çäklenmän, “ýaşyl” geljege tarap möhüm ädim bolar.

Taslama sebitde wodorod tehnologiýalaryny ösdürmäge we Ulsanyň Koreýa Respublikasynda wodorod infrastrukturasynyň merkezi hökmünde ornuny berkitmäge gönükdirilendir. “Wodorod şäheri”, dünýäniň beýleki şäherleri üçin görelde bolup biljek ägirt uly taslamadyr. Ol durnukly we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara geçmegiň möhümdigini tassyklaýar.