Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy “Xiaomi SU7” kysymly awtoulagyndan 100 müňüsini çykarylandygyny habar berdi. -Şeýle önümçilik möçberine ýetmek üçin 230 gün gerek boldy – diýip, kompaniýanyň esaslandyryjysy we baş müdiri Leý Szýun aýtdy.
Mundan öň, Leý Szýun oktýabr aýynda 20 müň 726 sany “Xiaomi SU7” kysymly awtoulagyň satylandygyny habar beripdi, netijede awtoulaglar “täze sedanlar”, “28 müň dollardan ýokary bahaly sedanlar” we “uly elektrik sedanlar” ýaly üç ugur boýunça satuw görkezijisinde birinji orny eýeledi.
Bu awtoulaglara bolan ýokary isleg onuň önümçiligini artdyrmaga sebäp boldy. “Xiaomi” sargytlaryň barha artýanlygy üçin öz zawodynyň önümçiligini giňeldip ugrady. Maglumatlara görä, zawodyň ikinji tapgyry sargytlary tiz ýerine ýetirmek maksady bilen ýokary depginlerde gurlup ulanmaga berler.
“Xiaomi” kompaniýasşu şu aý 100 müň awtoulag ýerlemek boýunça ýyllyk maksatnamasyna meýilleşdirilen wagtyndan öň ýetip biler diýlip, maglumatlarda bellenilýär.