Alymlar topary emeli aň arkaly taryhy tapyndylaryň, şol sanda heýkelleriň jaýrylan we döwlen ýerlerini abatlamagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Köplenç zeper ýetmekden we ýaramazlaşmakdan ejir çekýän medeni ýadygärlikler köne suratlar esasynda dikeldilýär.
Ýaponiýanyň Risumeýkan uniwersitetiniň professory Satoşi Tanakanyň hem-de Pekindäki Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň doktory Szýao Panyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary abatlamak maksady bilen 3D arkaly köp ugurly neýron ulgamyny döretdiler. Bu usul adaty tehnologiýalaryň dikeldip bilmejek aýratynlyklaryny, çuňluklaryny we jikme-jikliklerini täzeden döredip biler.
Professor Tanakanyň pikiriçe, häzirki gazanylan abatlaýyş takyklygy 95 göterime deň boldy, ýöne 2D şekillerdäki çuňlugyň gaty gysylmagy sebäpli heýkeliň ýüzündäki we bezeglerdäki käbir jikme-jiklikler görünmeýärdi. Täze tehnologiýanyň dikeldiş takyklygyny ep-esli gowulandyrýandygy belli boldy.
Täze usul Indoneziýadaky Borobudur ybadathanasynyň daş diwarlaryň aşagynda gizlenen relýefleriniň mysalynda görkezildi. Alymlar bu relýefleri saklanyp galan suratlar arkaly täzeden gurup bildiler, bu bolsa öň elýeterli bolmadyk medeni hazynalary gaýtadan öwrenmäge mümkinçilik berdi.
Professor Tanaka bu tehnologiýanyň medeni mirasy gorap saklamak üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny, diňe bir arheologlar üçin däl, eýsem, VR we älemi öwrenmäge gönükdirilen tehnologiýalary ulanmak arkaly wirtual tejribeler üçin-de täze mümkinçilikleri döredýändigini belleýär.