ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Pittsburg uniwersitetiniň täze barlaglarynda adamlar köplenç emeli aňyň döreden poeziýasyny nusgawy şahyrlaryň ýazan eserlerinden tapawutlandyryp bilmejekdigi ýüze çykaryldy.
Synaga gatnaşan 1634 okyjy 10 sany goşgy okadylar. Bu goşgylaryň ýarysy emeli aň arkaly ýazylandy, galanlary bolsa, Lord Baýron we Emili Dikinson ýaly şahyrlaryň goşgularydy. Okyjylaryň köpüsi emeli aň arkaly ýazylan goşgylary adamyňkydyr öýtdüler, nusgawy şahyrlaryňkyny bolsa, maşyn tarapyndan döredilendir öýtdüler.
Beýleki synagda 696 okyjy hil, duýgy, ritm we özboluşlylyk babatda goşgulara baha berdiler. Emeli aň tarapyndan döredilen goşgular awtorlyk äşgär edilmänsoň has ýokary bal gazandy.
Geçirilen barlaglar emeli aň- poeziýasynyň has elýeterli we düşnükli kabul edilendigini, şeýle-de emeli aňyň adam döredijiligine näderejede ynandyryjy öýkünip biljekdigini görkezdi.