“World Cheese Awards” baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Portugaliýanyň Wizeu şäherinde geçirildi. Bu ýyl bäsleşige 47 ýurtdan 4 müň 786 peýnir hödürlendi. “Euronews.com”-yň habaryna görä, iň gowy peýnirleri 40 ýurtdan 240 emin agzasy dört kriteriýa: daşky görnüşi, gurluşy, ysy we tagamy boýunça kesgitledi.
Goýun süýdünden taýýarlanan portugal peýniri “Queijo de Ovelha Amanteigado” dünýäniň iň gowy peýniri diýlip ykrar edildi. Ol ýumşak, kremli we ýagly tagamy bilen tapawutlanýar. Bu peýnir Serra da Gardunýadaky “Quinto do Pomar” kompaniýasy tarapyndan öndürilýär. Bu peýnir, degişlilikde, ikinji we üçünji orny eýelän iki şweýsar peýniri – “Tea Fondada” we “Alpenhorn Mifroma”-dan öňe geçip, “World Cheese Awards” dabarasynda sanawyň başyny çekdi. Finalda Braziliýadan, ABŞ-dan, Norwegiýadan, Italiýadan, Germaniýadan we Ispaniýadan jemi 14 peýnir öňe saýlandy. Portugaliýa 2021-nji we 2023-nji ýyllarda hem bäsleşigiň ýeňijisi bolupdy.