Şri-Lan­ka­nyň Pre­zi­den­ti Anu­ra Ku­ma­ra Dis­sa­na­ýa­ke­niň sy­ýa­sy bi­le­le­şi­gi bo­lan «Mil­li halk hä­ki­mi­ýe­ti» ýurt­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da ses­le­riň üç­den iki­si­ne eýe bol­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň saý­law ko­mis­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ýaý­ra­dy­lan mag­lu­mat­lar tas­syk­la­ýar.

«Mil­li halk hä­ki­mi­ýe­ti» 159 or­ny, «Bir­le­şen mil­li güýç» par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Sa­jit Pre­ma­da­sa bol­sa, 40 orun bi­len ikin­ji or­ny eýe­le­di.

Şri-Lan­ka­nyň par­la­men­ti 225 we­kil­den yba­rat. Olar­dan 196-sy köp ag­za­ly 22 saý­law ok­ru­gyn­da saý­lan­ýar. Ga­lan 29 orun mil­li ses be­riş­li­giň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä pro­por­sio­nal paý­lan­ýar.

21-nji no­ýabr­da tä­ze par­la­ment il­kin­ji mej­li­si­ni ge­çir­mek üçin ýyg­na­nar we tä­ze baş­ly­gy­ny saý­lar. Şri-Lan­ka­nyň ka­nun­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, do­lan­dy­ry­jy par­ti­ýa­nyň ka­nun­la­ry ka­bul et­mek üçin par­la­ment köp­lü­gi­ne we Kons­ti­tu­si­ýa üýt­get­me­ler gi­riz­mek üçin ses­le­riň üç­den iki­si­ne ze­rur­ly­gy bar.