«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan çäreleri jemlemek dabarasy geçirildi. Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabara, sungat ussatlarynyň konserti dost-doganlygyň dabaralanmagyna öwrüler. Halkymyzy begendirýän zatlaryň biri-de, şu şanly ýylyň dowamynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli täsirli çäreleriň birnäçesiniň geçirilmegidir.
Änew şäherine bu hormatly derejäniň berilmegi mynasybetli paýtagtymyzda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda türki halklaryň aýdymçylarynyň konserti, türki halklaryň suratkeşleriniň, amaly-haşam sungatynyň, fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahaty ýaly möhüm çäreler geçirildi. Geçirilen halkara we döwlet ähmiýetli medeni-köpçülikleýin, ylmy çäreler Änew medeniýeti barada täze gözýetimleri açyp, täze maksatlara badalga berdi.
«Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen gadymy Änew şäheri taryha baý. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Änew irki eýýamlardan bäri adamzat ýaşaýşynyň, esasanam, ekerançylyk, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän hem-de ösen merkezleriniň biri bolup durýar» diýip belleýär. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäherini bolsa şol ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüt Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde kabul edilipdi. Munuň özi halkara ynsanperwer başlangyçlary işjeňleşdirýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň tagallalarynyň we bar bolan ägirt uly medeni mümkinçilikleriniň ykrar edilmeginiň nobatdaky güwäsidir.
«Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, dünýä jemgyýetçiligini olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherleriniň döredijilik taryhyna ünsi çekmegi, şonuň esasynda hem dürli görnüşdäki baý medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle-de, ol türki halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna, medeniýetara hyzmatdaşlygyna esaslanýar. Ýurdumyzyň gadymy şäherleriniň eýýäm ikinji gezek «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi olaryň gadymy taryhyna we baý milli medeniýetine ylmy-döredijilik intelligensiýanyň ünsüni çekmäge, özgertmeler ýolunda häzirki zaman gazananlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. 2015-nji ýylda bu hormatly ada Mary şäheri eýe boldy. Bu şäheriň şeýle derejä mynasyp bolmagynyň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny, doganlyk halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam beren çäreler üstünlikli geçirildi.
Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň hem-de abraýly halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Berkarar döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolup, sebitde we dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrýar. Bu ugurda yzygiderli alnyp barylýan medeni diplomatiýanyň çäklerinde dünýä döwletleri, aýratyn-da, türki dünýäniň ýurtlary bilen medeni-yn-sanperwer gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.
Yhlas ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.