Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça uly üstünliklere eýe bolup, ýurdumyzda sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr» diýen parasatly sözleri türgenlerimizi uly sport ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň se­ne­na­ma­syn­da her ýy­lyň 3-nji iýu­ny­nyň Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni hök­mün­de bel­le­nil­me­gi, «Dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak üçin köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped sür­me­gi jem­gy­ýet­çi­lik ulag ul­gam­la­ry­na gi­riz­mek», «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­la­ryň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi äh­lu­mu­my ösü­şiň, dost­lu­gyň we halk­la­ry je­bis­leş­dir­me­giň ha­ty­ra­sy­na gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ryň dün­ýä­de da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň sa­ýa­syn­da sport äle­min­de uly öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Ýur­du­myz sport ba­ba­tyn­da hal­ka­ra ul­gam­la­ry bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk alyp bar­ýar. Ýa­ňy-ýa­kyn­da ýur­du­myz­da «Ash­ga­bat Open 2024» at­ly 14 ýaş­dan uly bol­ma­dyk ça­ga­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len ten­nis ýa­ry­şy hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Se­bit hem hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek­de baý tej­ri­be top­lan ýur­du­myz­da ten­nis bo­ýun­ça hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ýa­ryş hem üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň şan­ly wa­ka­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­ti­ren bu sport baý­ram­çy­ly­gy 12 döw­let­den 70 tür­ge­ni bir ýe­re jem­le­di. Bu hal­ka­ra ýa­ryş ýur­du­my­zyň iri sport çä­re­le­ri­ni ge­çir­mä­ge bo­lan ýo­ka­ry taý­ýar­ly­gy­ny ýe­ne bir ýo­la aý­dyň gör­kez­di.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýa­ry­şa gat­naş­mak üçin Hal­ka­ra we Azi­ýa­nyň Ten­nis fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň, 12 döw­le­tiň mil­li fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri paý­tag­ty­my­za gel­di­ler. Ola­ryň äh­li­si hem oýun­la­ry ge­çir­mek üçin saý­la­nyp al­nan Ten­nis top­lu­my­na, onuň gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. Şeý­le hem myh­man­lar bu ýa­ry­şyň gel­jek­de-de do­wam et­di­ril­me­gi­niň ten­ni­siň ýaş ýyl­dyz­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­mak­da, Aş­ga­ba­dy dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de giň­den ta­nat­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy­lar. «Ash­ga­bat Open 2024-iň» türk­men ten­nis­çi­le­ri üçin ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak tej­ri­be mek­de­bi­ne öw­rü­len­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek. Ýa­ry­şa ýur­du­myz­dan ýet­gin­jek ten­nis­çi­le­riň 40-dan gow­ra­gy gat­naş­dy.

Bu ýa­ryş­da türk­men ta­lyp ýaş­la­ry, esa­san hem, bi­ziň baý­ry ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­miz bo­lan Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­my­zyň bag­ty­ýar ta­lyp ýaş­la­ry meý­le­tin­çi hök­mün­de öz my­na­syp go­şan­dy­ny goş­du­lar. Şeý­le hem te­le­ra­dio gep­le­şik­le­rin­de hem yzy­gi­der­li çy­kyş edip, ýü­rek buý­san­jy­ny be­ýan et­di­ler.

Türk­me­nis­tan­da spor­ta we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne uly üns be­ril­ýär. Döw­re­bap sport des­ga­la­ryn­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tür­gen­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň özi türk­men ten­nis­çi­le­ri­niň iň­ňän uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe­di­gi­ni gör­kez­ýär. Bu ola­ryň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da has üs­tün­lik­li çy­kyş et­me­gi­ne ýar­dam ber­ýän esa­sy şert­le­riň bi­ri­dir.

Ten­nis ýa­ry­şyn­da us­sat­lyk gör­ke­zip, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lan tür­gen­le­ri ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­rys. Bu ýa­ryş ýur­du­myz­da ten­ni­siň uly gel­je­gi­niň bar­dy­gy­ny bü­tin dün­ýä buş­la­dy di­ýip uly ynam bi­len aý­dyp bi­le­ris. Çün­ki ýaş türk­men ten­nis­çi­le­ri­niň bir­nä­çe­si eý­ýäm hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de öz ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny yk­rar et­dir­me­gi ba­şar­dy­lar. «Ash­ga­bat Open 2024» ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň iň go­wu­la­ry­nyň ha­ta­ryn­dan orun alar. Şeý­le hem gel­jek­de uly ýaş de­re­je­le­rin­de-de yk­lym we dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­ny ge­çir­mä­ge ýol açar.

Ata Wa­ta­ny­myz­da şeý­le şan­ly wa­ka­la­ryň do­wam et­me­gi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Biz mu­gal­lym­la­ra iş­le­mä­ge, dö­ret­mä­ge, sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga şeý­le müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gah­ry­man Arkadagymyza hem-de

hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza al­kyş­la­ry­myz çäk­siz­dir.

Döw­ran AN­NA­NE­PE­SOW,

Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.