Ýewropa parlamenti Ýewropa Komissiýasynyň täze düzümini doly makullady. Bu barada “Politico” neşiri Ýewropa Parlamentindäki çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Şeýlelik bilen, täze Ýewropa Komissiýasynyň 26 komissarynyň hemmesi geljek bäş ýyllyk möhlet üçin tassyklandy. Bu bolsa, Ýewropa Komissiýasynyň täze düzüminiň 1-nji dekabrda işe başlajakdygyny aňladýar. Neşirde Ýewropa Bileleşiginiň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa halk partiýasynyň komissarlary 26 orundan 14-sine eýe bolandygy habar berilýär.
1999-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýurduň Ýewropa Komissiýasyna hödürlenen dalaşgärleriň hiç biri-de ret edilmedi. Makalanyň awtorlary munuň “parlament üçin bir ädim yza” bolandygyny ýazýarlar. Şeýle hem, Parlament agzalarynyň Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň alty orunbasaryny we Wengriýadan Ýewropa Komissaryny barlap başlanlarynda belli bir derejede kynçylyk çekendiklerini bellediler.
Sentýabr aýynda Ursula fon der Lýaýen Estoniýanyň öňki Premýer-ministri Kaýa Kallasy Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary wekili wezipesine dalaşgärligini tassyklady. Häzirki başlyk Žozep Borreliň 1-nji dekabrda möhleti gutarandan soň bu wezipäni Kaýa Kallas eýelär. “Politico” neşiri Ursula fon der Lýaýeniň Ýewropa Bileleşiginiň işlerine doly gözegçilik etmek baradaky niýetiniň bardygy barada ýazdy.
2024-nji ýylyň iýun aýynda Ursula fon der Lýaýen Ýewropa Komissiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan bellendi. Bu karar Strasburgdaky umumy mejlisde Ýewropa Parlamenti tarapyndan kabul edildi.