Planetamyzyň üçden iki bölegini tutýan ummandyr deňizler suwasty jandarlara we ösümliklere örän baýdyr. Ummanlaryň aşagynda jandarlaryň ýaşamaklary üçin tebigy şertler örän köp. Suwasty daglar hem deňiz jandarlarynyň we ösümlikleriniň ýaşamaklary üçin iň amatly ýer bolýar. Şol sebäpli adatça, uzak aralyklara ýüzýän we belli bir mekan tutunmaýan iri balyklar hem aw etmek üçin bu daglarda “düşläp” geçýärler. Belentligi 1000 metrden geçýän bu depeler sönen wulkanlaryň netijesinde emele gelipdirler. Bu tebigy daglar ummanyň aşagynyň tekiz däl-de, belentlikler arkaly “kesilen” ýagdaýda bolmagyny üpjün edýär. Häzire çenli Ýer ýüzündäki ummanlarda we deňizlerde 100 müň, diňe Ýuwaş ummanynda 50 müň sany dag bardygy anyklandy. Müňlerçe janly-jandarlaryň ýaşaýanlygy sebäpli, göz bilen görüp bolmajak derejede kiçi organizmler hem, äpet läheňler hem bu ýere jemlenýär. Şeýle hem bu ýerleriň ösümlik dünýäsi balyklaryň köpelmekleri üçin hem amatly şert döredýär. Bu belentlik we ummanlaryň teýindäki suwuň ýokaryk çykyp, aýlawyň dowam etmegine hem sebäp bolýar. Edil gury ýerde bolşy ýaly, deňizlerde hem endemik, ýagny diňe şol belli bir ýerde ýaşaýan ösümlikdir jandarlar bolýar.