Warşawanyň häkimi Rafal Tşaskowskiý içerki partiýa saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Şeýlelikde ol “Raýat platformasy” partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy bileleşikden Polşanyň prezidentligine dalaşgär boldy. Tşaskowskiý sesleriň 74,75 göterimini, bäsdeşi daşary işler ministri Radoslaw Sikorski bolsa 25,25 göterim ses aldy. Içerki partiýa saýlawlarynyň 22-nji noýabrda geçirilendigi we netijäniň bolsa, 23-nji noýabrda yglan edilendigi habar berildi.
Polşada geçiriljek Prezident saýlawlary 2025-nji ýylyň maý aýynda meýilleşdirilýär.
Tşaskowskiý 2017-nji ýylyň ahyrynda “Raýat platformasy” we “Häzirki zaman” partiýalary tarapyndan 2018-nji ýyldaky ýerli saýlawlarda Warşawanyň häkimligine dalaşgär hökmünde hödürlendi. Şonda ol ýeňiş gazandy we 2024-nji ýylda Polşanyň paýtagtynyň häkimi wezipesi üçin geçirilen saýlawlarda bäsdeşlerinden öňe saýlanyp, ikinji gezek ýeňiş gazandy. Bu Tşaskowskiý üçin Polşanyň Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin ikinji synanyşygydyr. Ol ilkinji gezek 2020-nji ýylda, saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ýurduň häzirki Prezidenti Anjeý Dudadan asgyn geldi.
22 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirilen deslapky bäsleşikde, Tşaslowskiniň bäsdeşi daşary işler ministri Radoslaw Sikorski boldy. Sikorskiý 1992-nji ýylda Polşanyň goranmak ministriniň orunbasary bolanyndan bäri syýasatda işleýär. Soňra goranmak ministri we Polşanyň birnäçe hökümetinde daşary işler ministrliginiň başlygy bolup işledi. Şeýle hem Polşa Senatynyň agzasy boldy. Sikorskiý üçin häzirki içerki partiýa saýlawlary ilkinji gezek däl – çünki ol 2010-njy ýylda “Raýat platformasy” tarapyndan prezidentlige dalaşgär bolupdy, ýöne soňra Seýmiň başlygy Bronislaw Komorowskiden ýeňildi. Sikorskiý bäsdeşi Tşaskowskiden tapawutlylykda, konserwatiw garaýyşlary bilen tanalýar. 7-nji dekabrda “Raýat platlatformasynyň” dalaşgäri özüniň jikme-jik saýlaw platformasyny hödürlär diýlip garaşylýar. Häzirki Prezident Anjeý Duda üçünji möhlete dalaş edip bilmeýär.