27-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Visa» töleg tehnologiýasynyň forumy: Merkezi Aziýada we Türkmenistanda innowasiýalaryň hem-de sanly geçişiň 30 ýyly» atly halkara işewürlik forumy geçirildi. «Dünýä tejribesine laýyklykda bank ulgamynda ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar», «Maliýe innowasion tehnologiýalarynyň puluň dolanyşygyna täsiri», «Merkezi Aziýa banklarynyň «Visa» halkara töleg ulgamy bilen utgaşygy», «Visa» kompaniýasynyň tejribesine laýyklykda töwekgelçilikleriň öňüni almak we dolandyrmak» ýaly mowzuklar boýunça geçirilen mejlisleri öz içine alan forumda sebit döwletleriniň arasynda degişli ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu forum «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Onuň barşynda Türkmenistanyň «Halkbank» we «Senagat» paýdarlar-täjirçilik banklaryna hyzmatdaşlyk üçin baýraklar berildi. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna bolsa «Visa International» kompaniýasy bilen 30 ýyl bäri hyzmatdaşlykda has tapawutlanandygy üçin baş baýrak gowşuryldy.
Çeşme: “Türkmenistan” gazeti