Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň hemmesi adamlaryň saglygy baradaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygyny bütin dünýä ýaýýar. Bu ynsanperwerligi halkymyz eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan her bir tutumly işlerde aýdyň görýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň täze, XVI jildiniň ýakynda giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy munuň ýene-de bir subutnamasy boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe lukmanlar Gahryman Arkadagymyzyň bu uly göwrümli ylmy işini okamaga, onda beýan edilýän ylmy garaýyşlary çuňňur öwrenmäge, ondaky gymmatly teklipleri ynsan saglygyny berkitmek işinde peýdalanmakda giň mümkinçilikleri tapýarlar. Çuňňur ylmy derňewlere daýanýan eser ýurdumyzda barha kämilleşýän, dünýä ülňüleriniň derejesinde uly ösüşe eýe bolýan lukmançylyk işinde, şeýle-de ýurdumyzyň ösümlik dünýäsini ylmy esasda öwrenmek babatynda islendik okyjy üçin ygtybarly gollanma bolup hyzmat edýär. Bu ylmy eser ata Watanymyzda ylmy ösdürmekde, ýaşlarymyza mukaddes topragymyzda bitýän ösümlikler, ilkinji nobatda, dermanlyk ösümlikler barada ylmy maglumatlara esaslanýan bilimi bermekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly maslahatçy bolup durýar. Bu gymmatly ylmy işiň saglygy goraýyşda giňden peýdalanylmagy, olardaky ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň peýdasynyň saglyk üçin örän ähmiýetlidigi baradaky ylmy garaýyşlaryň dünýä ýurtlarynda uly gyzyklanma döretmegi eziz Diýarymyzyň tebigatynda bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleriniň bütin dünýäde ykrar edilmegidir.
Gahryman Arkadagymyzyň köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleýin gürrüň berilýär. Bu ylmy eseriň ylmy taýdan aýratyn wajypdygy farmasewtika ylmynyň ösdürilmegine, arassa çig mal esasynda ýokary hilli derman serişdeleriniň döredilmegine, lukmançylyk tejribesine gadymy ýörelgeleriň hem-de häzirki zaman innowasiýalaryň utgaşdyrylmagy, hususan-da fitoterapiýa we şypahana-dynç alyş bejergisinde oňyn täsir edýän derman serişdeleriniň döredilmegine ýardam edýändigidir.
Sahawatly türkmen topragynyň dermanlyk häsiýetleri özünde jemleýän, dürli keselleri bejermekde peýdalanylýan ösümliklere baýdygy asyrlarboýy mälimdir. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň üsti bilen ýurdumyzyň dermanlyk tebigy gorunyň bejerijilik häsiýetlerini, halk lukmançylygynda we ylmy taýdan peýdalanylyşyny, dermanlyk ösümlikler arkaly näsaglary bejermegiň aýratynlyklaryny açyp görkezýär. Dermanlyk otlaryň ýüzlerçe görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylary türkmen halkynyň lukmançylyk ylmyna uly goşant goşmakdaky köpasyrlyk tejribesi we däpleri bilen hem tanyşdyrýar. Dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýändigi bolsa bu eseriň ylmy taýdan örän ähmiýetli bolmagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby häzirki wagtda dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynda uly seslenme döredýär. Kitapda türkmen tebigatynyň ösümlikler dünýäsiniň ynsanlara şypa beriji dermanlyk häsiýeti ylmy taýdan esaslandyrylýar hem-de bejerijilik ähmiýeti giňden açylyp görkezilýär. Ýurdumyzyň şypahanalarynda kitapda agzalýan dermanlyk ösümliklerden melhem çaýlar taýýarlanyp, saglygyny berkitmäge gelýänlere hödürlenilýär. Ýurdumyzyň ähli şypahanalary geçen sanlyja ýyllaryň içinde döwrebaplaşdyryldy, täze binalar guruldy. Eşretli durmuşda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge, ýokary hilli dynç almaga, saglygyňy berkitmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Amanmyrat GOÇMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patalogiki anatomiýa kafedrasynyň assistenti.