Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly sepgitleri eýeleýär, belent derejelere ýetýär. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalary netijesinde ýaşlar baradaky syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir. Bu nesil eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr» diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär we olaryň döwrebap ylym-bilim almagyna, hünär eýesi bolmagyna, işlemegine ähli mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň sargytlaryny ýüregine siňdirip, ýaşlara diňe okamak, öwrenmek, döretmek, halk üçin, Watan üçin işlemek galýar.

1991-nji ýy­lyň 16-njy no­ýab­ryn­da dö­re­di­len Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy ýaş­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­mek hem dur­mu­şa ge­çir­mek, ola­ra bi­lim we jem­gy­ýet­çi­lik-zäh­met iş­jeň­li­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek bi­len, dür­li ugur­lar­da iş­jeň iş alyp bar­ýar. «2021 – 2025-nji ýyl­lar üçin Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň» çä­gin­de ýaş nes­liň üs­tün­lik­le­ri­ni gör­kez­ýän bäs­le­şik­ler we çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ta­lyp ýaş­la­ryň mö­hüm wa­ka­la­ry­ny açyp gör­kez­ýän web saý­ty bar. Mil­li ýa­ryş­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. My­sal üçin, bu gu­ra­ma 2015-nji ýyl­dan bä­ri ýur­du­my­zyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de ýaş alym­lar üçin yl­my bäs­le­şik ge­çir­ýär, şeý­le hem aka­de­mi­ýa­da Ýaş alym­lar mer­ke­zi iş­le­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan ýaş­lar sy­ýa­sa­ty hem hut ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň şah­sy­ýet taý­dan ke­ma­la gel­me­gi­ne, ös­me­gi­ne, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na, jem­gy­ýe­tiň hem-de döw­le­tiň bäh­bit­le­ri­ne, ýaş­la­ryň aň-paý­has, dö­re­di­ji­lik, ru­hy müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly ama­la aşy­ryp bil­mek­le­ri üçin müm­kin­çi­lik­le­ri gi­ňelt­mä­ge has oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň ka­bul edil­me­gi mö­hüm ädim­le­riň bi­ri­dir. Bu ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň hu­kuk esas­la­ry­ny, mak­sat­la­ry­ny, we­zi­pe­le­ri­ni, ýö­rel­ge­le­ri­ni, esa­sy ugur­la­ry­ny, tär­le­ri­ni kes­git­le­ýär. Ka­nun ýaş­la­ryň hu­kuk we dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny, ýaş­la­ryň döw­let sy­ýa­sa­ty­ny we jem­gy­ýe­tiň ösüş mak­sat­na­ma­la­ry­ny dö­ret­mä­ge we ama­la aşyr­ma­ga gat­naş­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.

Ýaş­lar baý­ra­gy jem­gy­ýet­çi­lik işi­ne iş­jeň gat­naş­ýan ýaş­la­ry hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan be­ril­ýär. 2024-nji ýyl­da hem ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ýaş mu­gal­lym­la­ry­nyň, ta­lyp ýaş­la­ryň we mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň, žur­na­list­le­riň, dür­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýaş hü­när­men­le­ri­niň 135-si Türk­me­nis­ta­nyň Ýaş­lar baý­ra­gy­nyň eýe­le­ri bol­du­lar. Ola­ra şa­ha­dat­na­ma­lar, gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy. Ýur­du­my­zy ösen we kuw­wat­ly döw­le­te öwür­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mil­li bi­lim ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň, ýe­til­ýän be­lent sep­git­le­riň gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri hal­ky­my­zy tä­ze ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Ýur­du­myz­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň tas­syk­la­nyl­ma­gy ýaş nes­li­mi­ziň dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk bi­lim al­mak­la­ry­na, Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy, me­de­ni dur­mu­şy­na my­na­syp go­şant goş­mak­la­ry­na, dün­ýä­niň ylym-bi­lim ba­ba­tyn­da ga­za­nan­la­ryn­dan ha­bar­ly we kä­mil hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Onuň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýaş­la­ryň hä­zir­ki­ za­man mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny gün­de­lik işin­de iş­jeň hem-de ne­ti­je­li ulan­ma­gy ba­şar­mak­la­ry­ny üp­jün ed­ýär. El­bet­de, ösüp gel­ýän ýaş nes­li­miz bi­len Wa­ta­ny­my­zyň bagt­ly gel­je­gi berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Okat­ma­gyň tä­ze usul­la­ry­nyň bi­lim ojak­la­ryn­da or­naş­dy­ryl­ma­gy, öň­de­ba­ry­jy hal­ka­ra tej­ri­bä­niň öw­re­nil­me­gi okuw sa­pak­la­ry­nyň tä­sir­li­li­gi­ni, ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

Meý­lis AR­TYK­GUR­BA­NOW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy, Ýaşlar baýragynyň eýesi.