Halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns berýän ugurlarynyň biridir. Ynsan saglygy babatdaky şeýle giň möçberli aladalaryň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmakdaky ägirt uly maksat-tutumlar bilen sazlaşykly alnyp barylmagy aýratyn bellärliklidir.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçin­dir!», Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen şy­gar­la­ry ýur­du­my­zyň baş ýö­rel­ge­si, be­lent tu­tum­la­ry ba­ra­da giň dü­şün­je ber­ýär. Bu şy­gar­lar ber­ka­rar döw­le­tiň, azat we er­kin ýa­şaý­şyň aja­ýyp se­na­sy bo­lup ýaň­lan­ýar. Hä­zir Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz aba­dan, asu­da, gül­läp ös­ýän, dün­ýä­de öz my­na­syp or­nu­ny ta­pan, be­lent ab­ra­ýa eýe bo­lan ýur­da öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan uly ösüş­le­re eýe bol­ýan­dy­gy­na bi­ziň her bi­ri­miz buý­san­ýa­rys.

«Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da bi­ti­ril­ýän iş­ler hem sa­nar­dan kän. Ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­gyň, be­jer­me­giň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry luk­man­çy­ly­ga or­naş­dy­ryl­ýar. Bu mö­hüm mak­sat­na­ma­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, ke­sel­le­riň öňü­ni alyş we be­je­riş çä­re­le­ri­ni ta­la­ba­la­ýyk ýo­la goý­mak, ýo­ka­ry hil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­mat­la­ry­nyň el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün et­mek, der­man se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça iş­ler bar­ha iler­le­ýär. Şu ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da paý­tag­ty­myz­da 400 orun­lyk Hal­ka­ra sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň, 250 orun­lyk Hal­ka­ra fi­zio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň döw­re­bap bi­na­la­ry­nyň, Ma­ry şä­he­rin­de we­la­ýat hem-de şä­her Aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň eda­ra bi­na­sy­nyň açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi yn­san sag­ly­gy ba­bat­da edil­ýän ala­da­la­ryň aý­dyň gü­wä­si­dir.

Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da bit­ýän mel­hem­lik hä­si­ýet­li ösüm­lik­ler­den dür­li der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän tä­ze kär­ha­na­lar işe gi­ri­zil­ýär. Mu­ňa Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­ni my­na­sy­bet­li Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­he­rin­de işe gi­ri­zi­len, ýyl­da 4,5 ton­na bu­ýan kö­kü­ni gaý­ta­dan iş­läp, gli­sir­ri­zin tur­şu­sy­ny ön­dür­ýän kär­ha­na my­sal bo­lup bi­ler.

Ýa­kyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­tan­da fi­zio­lo­gi­ýa yl­my­ny ös­dür­me­giň 2024 – 2028-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny; Türk­me­nis­tan­da luk­man­çy­lyk sa­gal­dyş-di­kel­diş çä­re­le­ri­niň 2024 – 2028-nji ýyl­lar üçin Mil­li stra­te­gi­ýa­sy­ny; Türk­me­nis­ta­nyň im­mu­no-öňü­ni alyş bo­ýun­ça 2024 – 2028-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak ha­kyn­da; Ila­tyň der­man se­riş­de­le­ri we luk­man­çy­lyk mak­sat­la­ry­na ni­ýet­le­nen önüm­ler bi­len üp­jün edil­me­gi­ni kä­mil­leş­dir­mek ha­kyn­da Ka­rar­la­ra gol çek­di. Ýur­du­myz­da adam döw­le­tiň baý­ly­gy ha­sap­lan­ýar, onuň sag­ly­gy bol­sa döw­let üçin mö­hüm we wa­jyp­dyr. Garaşsyzlyk ýyl­la­ryn­da «Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­nyň go­ral­ma­gy ha­kyn­da», «Ga­nyň do­nor­ly­gy ha­kyn­da», «Şy­pa­ha­na işi ha­kyn­da», «Adam be­de­ni­niň ag­za­la­ry­nyň we do­ku­ma­la­ry­nyň transp­la­ta­si­ýa­sy ha­kyn­da», «Ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak ha­kyn­da», «Ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ra gar­şy gö­reş­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry hem ka­bul edil­di.

Di­ýa­ry­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň äh­li ugur­la­ry bi­len bir­lik­de şy­pa­ha­na ul­ga­myn­da hem oňyn öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şeý­le öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de şy­pa­ha­na­la­ryň dur­ky tä­ze­len­ýär, olar dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk ge­ti­ril­ýär we ýo­ka­ry de­re­je­de tä­ze­çil luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryl­ýar. Ar­ka­dag şä­he­rin­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň des­ga­la­ry iň ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk gel­ýär. Ýag­ny özün­de bir­nä­çe des­ga­la­ry bir­leş­dir­ýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi tä­ze şä­he­riň dur­muş dü­zü­mi­niň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da 350 orun­lyk Kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na, 150 orun­lyk On­ko­lo­gi­ýa mer­ke­zi, 150 orun­lyk Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi, Tiz kö­mek mer­ke­zi, Sag­lyk öýi bar. Se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Ar­ka­dag şä­he­rin­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, bu ugur­da ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy, luk­man­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­gy üçin ama­ly-tej­ri­be sa­par­la­ry­nyň gu­ral­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy, bag­ty­ýar ýa­şaý­şy üçin uly ala­da­lar ed­ýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, ja­nlary sag, öm­ürleri uzak bol­sun!

Ba­zar HAL­ME­DOW,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patalogiki anatomiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.